HALKARA YNSANPERWER YLYMLARY WE ÖSÜŞ UNIWERSITETI HER ÝYL GEÇIRILÝÄN DERS BÄSLEŞIKLERINE GATNAŞJAKLARY JEMLEÝÄR

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda uniwersitet tarapyndan her ýyl geçirilýän ders bäsleşiklerine gatnaşjaklary bellige almagy dowam edýär.

Paýtagtyň uniwersiteti häzirki zaman türkmen jemgyýeti, ýöriteleşdirilen iňlis dili, hytaý we italýan dilleri, kriptografiýa dersleri boýunça bäş sany olimpiada guraýar.   

Intellektual onlaýn-bäsleşikler I tapgyrda şahsy bäsleşikler görnüşinde 22–25-nji dekabr aralygynda geçiriler. Olimpiadalaryň resmi dilleri – türkmen we iňlis dilleri.

Ýokary okuw mekdep olimpiadalara gatnaşmaga dürli hünärler we taýýarlyk ugurlary boýunça bilim alýan hemme isleg bildirýän talyplary çagyrýar. Isleýänler bir ýa-da birnäçe olimpiadalara gatnaşmaga haýyşnama berip bilerler. Her ýokary okuw mekdepden gatnaşjak dalaşgärleriň sany çäklendirilmeýär.

Gatnaşjaklaryň bellige alnyşy uniwersitetiň saýtynda 12-nji dekabra çenli açykdyr.

Gatnaşyjy ýokary okuw mekdepler olimpiadalaryň hersi üçin anyk çözülişi beýan edilen synag ýumuşlarynyň 20-sini teklip edip bilerler. Şolary olimpiadalaryň başlanmagyna 10 gün galýança guramaçylyk toparyna ibermek gerek.

Goşmaça maglumatlary  +99312398550, +99365809906 telefon belgilere jaň edip we iuhdolympiads@gmail.com elektron salgysyndan alyp bolar.

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti talyp ýaşlar üçin ders bäsleşikleriniň tapgyrlaryny geçirmegi 2020-nji ýyldan bäri yzygiderli ýagdaýda üstünlikli we netijeli tejribesine öwürdi.

Ýokary okuw mekdep tarapyndan olimpiadalar ýaşlaryň zehinlerini we ukyplaryny ösdürmek, talyplaryň daşary ýurt dillerini öwrenmeklerini, ylma we döredijilige işjeň gatnaşmaklaryny höweslendirmek, giň dünýägaraýyşly hemmetaraplaýyn ösen ýaş nesilleri kemala getirmek, olaryň intellektual taýdan ösmekleri, tejribeleri we bilimleri alyşmaklary üçin oňyn şertleri döretmek, ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň we mugallymlarynyň arasynda dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak maksady bilen geçirilýär.

turkmenistan.gov.tm