WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYKLARY GEÇIRILDI

Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrap Geňeşiniň, etrabyň beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň, etrap bilim hem-de etrap polisiýa bölümleriniň bilelikde guramagynda etrapdaky umumybilim berýän mekdeplerde okuwçylaryň ene-atalarynyň gatnaşmagynda wagyz-nesihat duşuşyklary geçirildi.

Duşuşyklarda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe kämil bilimli, berk bedenli, sagdyn ruhly, päk ahlakly nesli kemala getirmekde alnyp barylýan işleriň ähmiýeti barada gürrüň edildi.

Duşuşyklarda ýaş nesilleriň sagdyn bedenli, tämiz ruhly, ylymly-bilimli kämil şahsyýetler bolup ýetişmekleri ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyşly sözlerini beýan etdiler.

Leýli BEGENJOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrap Geňeşiniň

sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

25 Noýabr 2025 | 48 okalan

ÝAŞLAR SAGDYN DURMUŞ BILEN!

25 Noýabr 2025 | 46 okalan

ZEHINLERI ÖŇE SAÝLAN BÄSLEŞIK

25 Noýabr 2025 | 39 okalan

ŞADYÝANLYGA BESLENEN BÄSLEŞIK