WATAN BORJY MUKADDESDIR

Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrap Geňeşiniň guramagynda Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň harby-deňiz gornizonynyň watan goragçylarynyň arasynda watançylyk terbiýesini ýokarlandyrmak, watana bolan söýgüsini artdyrmak maksady bilen «Watan borjy mukaddesdir» ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Duşuşykda harby gullukçylaryň watançylyk terbiýesini ýokarlandyrmak, watana bolan söýgüsini artdyrmak, ýüze çykýan nogsanlyklardan daşda durmaklaryny gazanmak, şeýle-de tertip-düzgüni ündemek maksady bilen, ata-babalarymyzdan dowam edip gelýän däp-dessurlarymyz barada çykyş etdiler.

Wagyz-nesihat duşuşygynyň ahyrynda watan goragçylary barada uly aladalary edýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.

Akmuhammet NAZAROW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrap Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

05 Noýabr 2025 | 23 okalan

WATAN BORJY MUKADDESDIR

05 Noýabr 2025 | 23 okalan

BAGTYÝAR DURMUŞYŇ BUÝSANJY

03 Noýabr 2025 | 76 okalan

TÜRKMEN ALABAÝYNYŇ BAÝRAMY BELLENILÝÄR