WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI

Ýakynda Aşgabat säheriniň Berkararlyk etrabynyň 80-nji orta mekdebinde okaýan okuwçylaryň arasynda, etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň we hukuk goraýjy edaralarynyň, etrap bilim bölüminiň iş meýilnamasy esasynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Çykyşlarda Gahryman Arkadagymyzyň öwüt-ündewleri we gymmatly maslahatlary esasynda, ýurdumyzda ýaşlaryň sazlaşykly ösüşi, olaryň jemgyýetimizde eýeleýän ornuny pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler, öňde goýlan wezipeler, şeýle hem türkmeniň döwletlilik ýörelgelerini millilik däp-dessur we edep terbiýe kadalaryny, sagdyn-durmuş ýörelgelerini, maşgala gymmatlyklaryny, ýaş nesillerde türkmen halkyna mahsus bolan asyllylygy, ar-namyslylygy, arassa ahlaklylygy, ula hormat, kiçä sarpa goýmagy terbiýelemek we ony giňden wagyz etmek dogrusynda aýratyn bellenildi.

Wagyz-nesihat çäresiniň ahyrynda oňa gatnaşanlar halkymyzyň abadançylygyny berkitmek, ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak ugrunda dünýä nusgalyk işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyş sözlerini beýan etdiler.

Ismail ÝAKUBOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

04 Noýabr 2025 | 22 okalan

WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI

03 Noýabr 2025 | 44 okalan

SPORT ÇÄRESI GEÇIRILDI

29 Oktýabr 2025 | 104 okalan

BERKARARLYK ETRAP TAPGYRY GEÇIRILDI