Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen daýhanlary yhlas bilen zähmet çekip, oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny kemala getirýärler. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýetişdirilen gowaçanyň bereketli hasyly hem şeýle diýmäge esas berýär.
Şanly ýylymyzda Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň daýhanlary hem pagtanyň bol hasylyny ýetişdirip, şu günler topragyň eçilen gymmatly baýlygyny ýygnap almak ugrunda yhlasly zähmet çekýärler. Atyzlara ýaraşyk berýän ak hanalar gözüňi dokundyrýar we pagtaçylara zähmet üstünligine ruhlandyrýar.
Etrabymyzda ekerançylyk meýdanlarynda ýetişdirilen pagtany ýygnap, harmana tabşyrmakda oba ýaşlary hem päk zähmetiň asyl nusgasyny görkezýärler. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrap Geňeşiniň wekilleri bolsa, olaryň arasynda höweslendiriş işlerini alyp barýarlar. Zähmet bäsleşikleriniň guralmagy we onuň ýeňijileriniň höweslendirilmegi pagta ýygymynyň depginine oňyn täsirini ýetirýär.
Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan asylly, parasatly işlerinde uly-uly üstünlikleri, rowaçlyklary arzuw edýäris.
Leýli BEGENJOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrap Geňeşiniň
sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.












