WASPY DÜNÝÄ DOLAN KEŞDELER

Halkymyzyň pähim-paýhasyndan, eli çeper ene-mamalarymyzyň, gelin gyzlarymyzyň zehin-yhlasyndan kemala gelen nepis halydyr gül keçeler, sünnälenip nagyşlanan milli lybaslar, inçelik bilen edilen el işleri hiç haçan bahasyny ýitirmejek milli gymmatlyklarymyzdyr. Gelin-gyzlarymyzyň uz barmaklaryndan döreýän el işleriniň ählisi-de nepis sungat hasaplanylýar. Milli lybaslarymyzdaky keşdeler görenleri haýrana goýýar. Türkmen tebigatynyň gülünden, gunçasyndan nusga alnyp, döwrebaplaşdyrylyp döredilen keşdeler bu gün milli lybaslarymyzy bezeýär. Keşdeçilik sungaty milli medeni mirasyň aýrylmaz bölegi bolup, türkmen halkynyň däpleriniň özboluşlylygyny şöhlelendirýär.

Keşdeçilik sungaty barada söz açylanda, ajaýyp milli lybaslarymyz, tahýalarymyz, esbap bezeglerimiz göz öňünde janlanýar. Olar türkmen gelin-gyzlarymyzyň inçe el işleri bolmak bilen birlikde, olaryň hünär ussatlyklaryna, döredijilik ukyp-başarnyklaryna, gözleglerine we oýlap tapyşlaryna, zähmetsöýerligine şaýatlyk edýär. Şeýle hem türkmen keşdeçilik sungaty barada gürrüň edilende, Gahryman Arkadagymyzyň käbesi Ogulabat ejäniň hünär ussatlygy, bejeren kürtesi, ören alajalary ýadyňa düşýär. Ogulabat ejäniň keşdeçilikdäki ussatlygy türkmen keşdeçilik sungatynyň kämil nusgasydyr.

Türkmen keşdeçilik sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi bu sungatyň kämilligi bilen nesilden-nesle geçip, mynasyp dowam etdirilýändigine güwä geçýär. Türkmen halky asyrlaryň dowamynda döreden nesilden-nesle geçirip kämilleşdiren milli medeni gymmatlyklary bilen dünýä halklarynyň arasynda giňden tanalýar. Gadymdan gözbaşly türkmen keşdeçilik sungaty bu günki gün inçe el işlerine ezber türkmen gelin-gyzlary tarapyndan mynasyp derejede dowam etdirilýär.

Halkymyzyň keşdeçilik sungatynyň kämilleşmegine, ösmegine hem-de halkara derejede ykrar edilmegine giň ýol açan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlarymyz çäksizdir.

Şeker HAÝTANOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň

Şabat etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

23 Oktýabr 2025 | 24 okalan

WASPY DÜNÝÄ DOLAN KEŞDELER