TÜRKMENISTAN BILEN ÝUNESKO-NYŇ BILIM ULGAMYNDAKY HYZMATDAŞLYGYNYŇ ÄHMIÝETI

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda bilim ulgamyny ösdürmekde, ýaş nesle dünýä ölçeglerine laýyk bilim bermekde, kämil hünärmenler bolmaklary üçin şertleri döretmekde giň gerimli işleri amala aşyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen kabul edilýän döwlet maksatnamalarynyň esasynda bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyň geriminiň barha giňemegi, ýaşlaryň kämilleşmegine, tejribe toplamagyna mümkinçilik berýär. Bu ugurda ýurdumyzyň dünýä derejesindäki hyzmatdaşlarynyň biri hem Birleşen Milletler Guramasynyň ylym, bilim we medeniýet boýunça ýöriteleşdirilen edarasy — ÝUNESKO bolup durýar.

ÝUNESKO bilen alnyp barylýan hyzmatdaşlyk ýurdumyzyň bilim ulgamyna täze öwüşgin, täze mümkinçilikler, täze tejribeler getirýär. Bu gatnaşyk diňe bir halkara derejesindäki gatnaşygyň nyşany bolman, eýsem ýaş nesliň dünýä derejesindäki bilim tejribesi bilen ýakyndan tanyşmagyna, mugallymlaryň hünär taýdan kämilleşmegine, bilim ulgamynyň hiliniň ýokarlanmagyna gönükdirilendir. ÝUNESKO-nyň çäginde amala aşyrylýan taslamalaryň we maksatnamalaryň üsti bilen ýurdumyzyň bilim işgärleri dünýäniň öňdebaryjy tejribelerini öwrenýärler, okatmagyň täze usullaryny özleşdirýärler, okuwçylaryň döredijilik mümkinçiliklerini ösdürmekde täzeçe çemeleşmeleri ulanýarlar. Şol bir wagtyň özünde-de bu hyzmatdaşlyk ýaşlaryň halkara derejeli çärelerde çykyş etmegine, bäsleşiklerde, maslahatlarda, döredijilik we ylmy taslamalarda üstünlikli çykyş etmegine ýol açýar. Ýurdumyzdaky birnäçe orta mekdepleriniň ÝUNESKO-nyň birleşen mekdepler toruna girizilmegi bilim ulgamynyň halkara derejesindäki abraýynyň artýandygynyň, mugallymlaryň we okuwçylaryň döredijilikli, täzeçil pikirleriniň halkara derejesinde ykrar edilýändiginiň subutnamasydyr. Şeýle hem Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasyÝUNESKO-nyň Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetiniň resmi agzasy bolmagy ýaşlarymyzyň halkara meýdançalarynda çykyş etmegine, medeni we ylmy gatnaşyklarynyň giňelmegine uly itergi berdi. Bu hyzmatdaşlygyň çäklerinde ýaşlaryň arasynda parahatçylyk, dostluk, medeniýetara gatnaşyklar, durnukly ösüş ýörelgeleri boýunça çäreler geçirilýär.

ÝUNESKO-nyň bilim ugrundaky maksatnamalarynyň möhüm bölegi bolan durnukly ösüş üçin bilim konsepsiýasy hem ýurdumyzda üstünlikli ornaşdyrylýar. Mugallymlar we okuwçylaryň gatnaşmagynda ekologiýa, ylmy innowasiýalar, sanly bilim we jemgyýetçilik ösüşi bilen bagly dürli okuwlar, seminarlar we taslamalar geçirilýär. Bu işler ýaşlaryň jemgyýete peýdaly bolmak, täze pikirleri öňe sürmek, döwrüň ösüşine goşant goşmak ýaly jogapkärçilikli başlangyçlara ruhlandyrýar.

ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygyň ýene bir möhüm ugry —sanly ulgamynyň ösdürilmegidir. Häzirki wagtda ýurdumyzyň mekdeplerinde interaktiw tagtalar, onlaýn sapaklar, elektron kitaplar we sanly platformalar giňden ulanylýar. Bu bolsa bilim ulgamynyň elýeterliligini we hilini ýokarlandyrmaga, ähli okuwçylaryň sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanmagyna şert döredýär.

Şeýle ajaýyp zamanada ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygyň dowamly ösdürilmegi, ýurdumyzyň ösüş ýolunda täze mümkinçiliklere eýe bolmagy üçin ägirt uly işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Beýik tutumly başlangyçlary elmydama rowaçlyklara beslensin!

Täzemyrat SETDAROW,

Aşgabat şäheriniň daşary ýurt dillerini,

takyk, tebigy dersleri çuňlaşdyryp öwredýän

ýöriteleşdirilen 140-njy orta mekdebiniň müdiri.

Meňzeş habarlar