PAGTAÇYLARYŇ ARMASY ÝETIRILÝÄR

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda pagtaçy kärendeçileriň yhlas bilen ýetişdiren bol gowaça hasylyny gysga wagtyň içinde ýygnap alyp, pagta harmanyna goşmak ugrundaky häzirki jogapkärli möwsüme Görogly etrabynda hem aýratyn ähmiýet berilýär. Berekedini bolluk bilen eçilen «ak altynly»atyzlarda etrabyň kärendeçi daýhanlarynyň, eli ýüwrük ýygymçylarynyň päk zähmetiniň barha joş almagy hem muňa aýdyň şaýatlyk edýär.

Altyn güýzüň mylaýym howasy gozalaryň günsaýyn köp açylmagyna getirýär. Bu bolsa ýygymyň ilkinji günlerinden başlap, gündelik ösüşi barha artdyrmaga mümkinçilik berýär. Etrabyň gowaça meýdanlaryny synlanyňda gün şöhlesi bilen çaknyşyp oturan ak gar ýaly hanalara gözüň düşýär. Ak pagtany ak bagtyna deňeýän etrabyň edermen babadaýhanlary ýetişdirilen hasyly çalt ýygnap almakda häzirki amatly günleriň her bir pursatyny elden bermän çalasynlyk bilen işläp zähmet öndürijiliginiň ýokary nusgasyny görkezýärler. Şeýle bolansoň her günde ortaça 60-70 kilogramdan «ak altyn» ýygýan ýygymçylaryň sanynyň barha köpelýändigine guwanýarsyň.

Etrapda pagta ýygymynyň depginli alnyp barylmagynda «ak altyn» ussatlarymyzyň arasynda geçirilýän höweslendiriş işleriniň we medeni hyzmatlarynyň ähmiýeti uludyr. Pagtaçylaryň armasyny ýetirmek maksady bilen, ýörite tassyklanan meýilnama esasynda etrabyň daýhan birleşikleriniň çägindäki meýdan düşelgelerde medeniýet we sungat işgärleriniň çykyşlary ýola goýuldy. Şeýle aýdym-sazly dabaralaryň biri-de etrabyň «Berkarar» daýhan birleşiginiň ekerançylyk meýdanlarynyň golaýyndaky meýdan düşelgesinde geçirildi. Oňa pagtaçy kärendeçiler, ýygymçylar, kuwwatly kombaýynlara erk edýän mehanizatorlar hem-de hasyly kabul ediş nokatlaryna, harmanhanalara daşamaga gatnaşýan awtoulag sürüjileri gatnaşdy.

Etrap häkimliginiň, etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de etrabyň medeniýet bölüminiň bilelikde guramagynda geçirilen saz-söhbetli medeni-dynç alyş dabarasy jogapkärli möwsüme gatnaşýan «ak altyn» ussatlaryna ruhy lezzet bermek, olary ajaýyp zähmet üstünligine ruhlandyrmak, pagta ýygymyny çalt we ýitgisiz geçirmek babatynda örän ähmiýetli boldy. Bu dynç alyş düşelgesinde guralan aýdym-sazly çykyşlar, ýerine ýetirilen joşgunly tanslar kärendeçi daýhanlaryň, pagta ýygymçylaryň armasyny ýetirdi. Bagtyýar döwrümiziň, päk zähmetiň waspy sungat çykyşlarynyň özeni boldy.

Çaý başynyň söhbetdeşligine utgaşan dabaranyň barşynda pagta ýygymyny guramaçylykly alyp barmagyň we tiz wagtyň içinde tamamlamagyň ähmiýeti barada gürrüň edildi. Etrabymyzyň jemgyýetçilik guramalary tarapyndan jogapkärli işe gatnaşyjylara zähmet üstünliklerini arzuw edip, öňdebaryjy pagta kärendeçilere, kombaýynçylara we awtoulag sürüjilerine etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň ýadygärlik  sowgatlary gowşuryldy.

Günortanlyk arakesmede geçirilen aýdym-sazly medeni-dynç alyş dabarasyna gatnaşyjylara Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy ensiklopedik kitabynda beýan edilýän dermanlyk ösümliklerden taýýarlanan melhem çaýlar hem hödürlendi. Etrap merkezi kitaphanasynyň  göçme kitap sergisi bolsa,«ak altyn» ussatlarymyzda uly gyzyklanma döretdi.

Daýhanlaryň halal baýamaklary we eşretli durmuşda ýaşamaklary üçin döredilip berilýän giň mümkinçiliklere türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza egsilmez alkyşlar aýtdylar.

Altyn ATAKOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň

Görogly etrap Geňeşiniň bölüm müdiri.

Meňzeş habarlar