TÜRKMEN ALABAÝY WEPALYLYGYŇ WE BATYRLYGYŇ NYŞANY

Golaýda, Daşoguz şäher häkimliginiň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäher Geňeşiniň bilelikde guramagynda Daşoguz welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde il sylagly ýaşulularyň, mährem eneleriň, ýaş nesillerimiziň gatnaşmagynda türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli «Türkmen alabaýy wepalylygyň we batyrlygyň nyşany» atly şygar astynda gezelenç çäresi geçirildi.

Çärä gatnaşanlar gaýduwsyzlygy, mertligi, edermenligi bilen tapawutlanýan milli buýsanjymyz bolan türkmen alabaýlarynyň keşbini, halkymyzyň ruhy dünýäsini, medeni-mirasyny we häzirki döwürde ýeten sepgitlerini wasp edýän çeperçilik sungatynyň ähli ugurlary boýunça ussatlyk bilen döredilen eserleri synladylar.

Gezelenç çäresiniň ahyrynda oňa gatnaşanlar türkmen halkynyň baý medeni mirasyny, gadymy gymmatlyklaryny, milli sungatyny gorap saklamakda, kämilleşdirmekde, ony giňden wagyz etmekde döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.

Jennet GULMYRADOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäher Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

21 Oktýabr 2025 | 91 okalan

PARAHATÇYLYK – ÖSÜŞIŇ MÖHÜM ŞERTI

21 Oktýabr 2025 | 73 okalan

KITAP OKAÝAN DÜNÝÄNI GÖRER