AÝDYM-SAZLY WATANYM

Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Tagtabazar etrap Geňeşiniň, Serhetabat şäher bölümçesiniň hem-de etrabyň çagalar we sungat  mekdebiniň bilelikde guramagynda çagalar we sungat mekdebine gatnaýan okuwçylaryň gatnaşmagynda «Aýdym-sazly Watanym» ady bilen dabara geçirildi. Okuwçylaryň döredijilige bolan höwesini artdyrmak maksady bilen geçirilen aýdym-sazly dabara hemmeler üçin örän täsirli boldy.

Onuň dowamynda çagalar we sungat mekdebine gatnaýan okuwçylaryň çykyşlary täsirli pursatlara beslendi. Ýaňlanan aýdymdyr sazlarda asuda ýurdumyzyň, bagtyýar zamanamyzyň waspy belentden ýetirildi.

Şowhunly dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşanlar Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.

Maksatmyrat TÄÇMUHAMMEDOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Mary welaýatynyň Tagtabazar etrap Geňeşiniň Serhetabat

şäher bölümçesiniň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

17 Oktýabr 2025 | 36 okalan

KITAP DÜNÝÄNIŇ AÇARY

17 Oktýabr 2025 | 39 okalan

MEKDEP MUZEÝINE GEZELENÇ GURALDY

17 Oktýabr 2025 | 28 okalan

BITARAPLYK – BAKY BERKARARLYGYŇ BINÝADY