KITAP — BILIMLERIŇ AÇARY

Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Sakarçäge etrap Geňeşiniň guramagynda etrabyň 44-nji orta mekdebinde ýaşlaryň kitap okamak endigini yzygiderli kämilleşdirmek maksady bilen «Kitap — bilimleriň açary» ady bilen çäre geçirildi.

Çäräniň dowamynda 44-nji orta mekdebiň mugallymy Gunça Japarowa öz çykyşynda kitabyň ynsanyň iň ýakyn hemrasydygy, kitap okaýan adamyň hemişe öz üstünde işläp, kämilleşýändigi dogrusynda giňişleýin gürrüň berdi.

Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaşlaryň ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, hemmetaraplaýyn kämil şahsyýetler bolup ýetişmegi üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.

Çynar HOŞGELDIÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Mary welaýatynyň Sakarçäge etrap Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

15 Oktýabr 2025 | 55 okalan

KITAP — BILIMLERIŇ AÇARY

14 Oktýabr 2025 | 62 okalan

YHLASLY ZENAN ÖÝ-OJAGYŇ ÝYLYSY

14 Oktýabr 2025 | 113 okalan

«ÇAGA EZIZ, EDEBI ONDAN HEM EZIZ»