ÝÖRELGÄMIZ ÝAGŞY ÜNDEW

Ýakynda Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň Magtymguly adyndaky ilkinji Ýaşlar guramasynyň hem-de «Demirýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň Magtymguly adyndaky ilkinji Ýaşlar guramasynyň bilelikde guramagynda «Türkmendemirýoltaslama»  taslama düzüş-agtaryş institutynyň mejlisler jaýynda «Ýörelgämiz ýagşy ündew» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Onuň dowamynda çykyş edenler eşretli zamanamyzda ýaşaýan türkmen maşgalasyna agzybirlik, asudalyk, bireg-birege hormat goýmak, ulyny sylamak, kiçini söýmek, sabyr-kanagatlylyk ýaly iň gowy gylyk häsiýetleriň mahsusdygy, ynsan durmuşynyň, jemgyýetçilik ýaşaýşynyň Watana, halka wepalylyk, halallyk ruhunda terbiýelenmegi bilen berk bagly bolup durýandygyny aýratyn nygtap geçdiler.

Wagyz-nesihat çäresiniň ahyrynda oňa gatnaşanlar «Türkmendemirýoltaslama» taslama düzüş-agtaryş institutynyň agzybir işgärlerleri halal we päk zähmet çekmäge döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.

Leýli TAGANOWA,

«Demirýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň

Magtymguly adyndaky Ilkinji Ýaşlar guramasynyň

sanly ulgam boýunça hünärmeni.

Meňzeş habarlar

23 Oktýabr 2025 | 30 okalan

KÖPETDAG ETRAP TAPGYRY GEÇIRILDI

23 Oktýabr 2025 | 22 okalan

WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

23 Oktýabr 2025 | 13 okalan

WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI