TÜRKMEN HALK DÖREDIJILIGI — MILLI MIRASYMYZYŇ AÝRYLMAZ BÖLEGI

Halk döredijiligi milli medeniýetiň özeni bolup, halkyň müňýyllyklaryň dowamynda döreden, nesillerden-nesillere geçip gelen ruhy hazynasydyr. Ol halkyň taryhyny, durmuş tejribesini, dünýägaraýşyny, zähmetini we arzuwlaryny özünde jemleýär. Gadymy döwürlerde dörän halk aýdymlary, dessanlar, nakyllar, matallar, ertekiler, goşgular we bagşyçylyk sungaty halkymyzyň ruhy baýlygynyň aýrylmaz bölegidir. Olarda türkmeniň mertlik, zähmetsöýerlik, watasöýüjilik we ynsanperwerlik ýaly ajaýyp häsiýetleri wasp edilýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halk döredijiligini öwrenmek, goramak we wagyz etmek boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda türkmen halk döredijiliginiň dürli görnüşleri gaýtadan dikeldilip, täze öwüşgin bilen ýaş nesle ýetirilýär. Türkmen halk döredijiligi bilen utgaşdyrylyp geçirilýän festiwallar, baýramçylyk dabaralary, döredijilik bäsleşikleri halkyň kalbynda milli buýsanç duýgusyny güýçlendirýär.

Türkmen halk döredijiligi geçmişiň mirasy, häzirki döwürde ruhubelentligiň, döredijiligiň, ylhamyň çeşmesidir. Ol nesilleriň arasyndaky ruhy arabaglanyşygy üpjün edýär. Halk döredijiligini öwrenmek, öwretmek, goramak, geljek nesillere ýetirmek biziň borjumyzdyr, halk döredijiligini goramak bilen biz milli mirasymyzy, milli ruhumyzy gorap saklaýarys.

Ýulduz BABAMYRADOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar

guramasynyň Lebap welaýat Geňeşiniň habarçysy.

Meňzeş habarlar

09 Oktýabr 2025 | 28 okalan

ÇAGA ERTIRKI ŞAHSYÝET