WAGYZ- NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

Ýurdumyzda her ýylyň sentýabrynda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň geçirilmegi asylly däbe öwrüldi. Biraýlyk mynasybetli ýurdumyzyň dürli künjeklerinde wagyz-nesihat duşuşyklary, konferensiýalar we tematiki bäsleşikler yzygiderli geçirilýär.

Şonuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Baýramaly şäher Geňeşiniň hem-de Baýramaly şäher bilim bölüminiň bilelikde guramagynda Baýramaly şäheriniň 10-njy orta mekdebinde Baýramaly şäher Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň işgärleriniň hem-de mekdep müdiriniň we ýokary synp okuwçylaryň gatnaşmaklarynda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Duşuşykda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Baýramaly şäher Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň müdiri Serdar Berdiýew, Baýramaly şäher Polisiýa bölüminiň Kämillik ýaşyna ýetmedikleriň işleri boýunça bölümçesiniň müdiri Nazar Muhammedow, Baýramaly şäher 10-njy orta mekdebiniň müdiri Hangeldi Ýazberdiýew çykyş etdiler. Olar okuwçylara ýoldan geçmegiň kadalary we ýol yşygynyň duýdurmalaryna görä hereket etmeklik bilen bagly degerli maslahatlary berdiler.

Wagyz-nesihat duşuşygynyň ahyrynda oňa gatnaşanlar, ýurdumyzyň geljegi bolan ýaş nesil hakynda irginsiz aladalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş we hoşallyk sözlerini beýan etdiler.

Selbi ÇOLUKOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar

 guramasynyň Mary welaýatynyň Baýramaly

şäher Geňeşiniň baş hünärmeni.

Meňzeş habarlar

24 Sentýabr 2025 | 22 okalan

WAGYZ- NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

24 Sentýabr 2025 | 21 okalan

EDEBI MIRASYMYZ – EBEDI MIRASYMYZ