ÝOL HEREKETINIŇ HOWPSUZLYGY – ÖMRÜMIZIŇ RAHATLYGY

Ýol – durmuş ýolumyzda bize hyzmat edýän möhüm giňişlikdir. Her gün okuwçylar orta mekdeplere, talyplar ýokary okuw mekdeplere, işgärler işe, söwda merkezlerine ýa-da başga bir ýere gitmek üçin ýollardan peýdalanýarys. Şonuň üçin hem, ýol hereketiniň howpsuzlygy diňe bir düzgün däl, eýsem ömrümiziň rahatlygynyň hem kepilidir.

Ýolda ýöremek, ulag sürmek ýa-da ýolagçy bolmak – bularyň hemmesi aýratyn jogapkärçiligi talap edýär. Her kim ýol hereketiniň düzgünlerine berk gözegçilik etse, köp sanly betbagtçylyklardan gaça durup bolar. “Düzgün – ýaşaýşyň galkany” diýilse hem, ýalňyş bolmaz.

Ýol hereketiniň howpsuzlygy diňe sürüjilere degişli däldir. Ýolagçylaryň, çagalaryň, ýaşlaryň hem özüne degişli borçlary bardyr. Çagalara ýol hereketiniň düzgünleri başdan öwredilse, onda olar ýaşlykda-da, garrylykda-da özüni hem, beýlekileri hem, howpdan gorap biler.

Ýol hereketiniň düzgünlerini berjaý etmek, diňe bir betbagtçylykdan goraman, eýsem ömrümiziň rahatlygyny hem üpjün edýändir. Düzgün saklanan ýerde, ynsan özüniň howpsuzlygyny duýýar, onuň ýüregi arkaýyn bolýar.

Şonuň üçin, her birimiziň borjumyz – ýol hereketiniň düzgünlerine berk eýermekdir. Sebäbi, ýol howpsuzlygy – diňe bir jemgyýetimiziň däl, eýsem her bir maşgalanyň, her bir şahsyň ömrüniň rahatlygynyň binýadydyr.

Näzik ATAÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar

guramasynyň Merkezi Geňeşiniň Guramaçylyk

bölüminiň baş hünärmeni.

Meňzeş habarlar

23 Sentýabr 2025 | 39 okalan

ABU ALY IBN SINA