Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Tagtabazar etrap Geňeşiniň we etrap bilim bölüminiň bilelikde guramagynda etrabyň 7-nji orta mekdebinde «Edebi mirasymyz – ebedi mirasymyz» ady bilen, ýaş nesillere türkmen halkynyň milli mirasyny wagyz etmek hem-de ýaşlarymyza milli mirasymyzy dowam etdirmegiň ähmiýetini düşündirmek üçin mekdebiň çäginde ýerleşýän muzeýe gezelenç gurnaldy.
Gezelenjiň dowamynda etrabyň 7-nji orta mekdebiniň mugallymy, mekdebiň Ilkinji Ýaşlar guramasynyň başlygy Göwher Gurdowa çykyş etdi. Mugallym öz çykyşynda türkmen halkynyň gadymyýetden gelýän geçmiş taryhymyz, däp-dessurlarymyz bilen giňden tanyşmak, ata-babalarymyzdan galan medeni mirasymyzy içgin öwrenip, olary gözümiziň göreji deýin gorap aýawly saklamak her bir ýaş nesliň mukaddes borjydygyna ünsi çekip, mekdebiň muzeýinde bar bolan milli gymmatlyklar bilen tanyşdyrdy hem-de olaryň ähmiýeti barada giňişleýin gürrüň berdi.
Gezelenjiň ahyrynda oňa gatnaşanlar milli gymmatlyklarymyzy, medeni-mirasymyzy öwrenmäge, ony dünýä ýaýmaga giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp-köp sag bolsun aýtdylar.
Ogulhan SERHEŇOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Mary welaýatynyň Tagtabazar etrap Geňeşiniň Guramaçylyk
bölüminiň esasy hünärmeni.