Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan bedenterbiýäni, sporty, olimpiýa hereketini ösdürmäge, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmäge uly ähmiýet berýär. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň şahsy göreldeleri her bir raýatymyzyň, aýratyn-da ýaşlarymyzyň sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermäge, sport we bedenterbiýe bilen meşgullanmaga bolan höweslerini artdyrýar. Durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeleriň netijesinde milli sport ulgamy ýokary derejede ösýär, hil taýdan täze derejä çykýar. Sportuň ençeme görnüşleriniň, hususan-da buzda typmak, hokkeý ýaly gyşky görnüşleriniň meşhurlygy artýar.
Mälim bolşy ýaly hokkeý boýunça Türkmenistanyň Prezidentiniň Kubogy ugrundaky ilkinji milli bäsleşik 2012-nji ýylda geçirilipdi. Häzirki gün bolsa ýurdumyzyň çäginde hokkeý boýunça ýaryşlar we milli çempionatlar yzygiderli geçirilýär.
Şaýbaly hokkeý kiçi ýaşdan ýetginjeklerde we ýaşlarda uly gyzyklanma döredýär. Gurulýan döwrebap buz meýdançalary sportuň bu görnüşiniň elýeterliligini üpjün etýär. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen hokkeý toparlary milli we halkara ýaryşlarynda üstünlikli çykyş edýär. Ençeme gezek ýurdumyzyň milli çempiony bolan «Galkan», şeýle-de «Oguzhan», «Şir», «Nesil», «Watançy», «Merdana» we «Bürgüt» ýaly hokkeý toparlarynyň gazanýan üstünlikleri aýdylanlaryň aýdyň beýanydyr. Bu toparlaryň duşuşyklarynyň hemişe ruhlandyryjy, ýatda galyjy we täsirli bolýandygyny hem bellemek gerek. 2024-nji ýylyň aprel aýynda paýtagtymyzdaky Gyşky oýunlar sport toplumynda geçirilen Hokkeý boýunça halkara ýaryşy hem ýaşlarymyzda sportuň bu görnüşine bolan gyzyklanmanyň uludygyny aýdyň görkezdi. Bu ýaryşda «Galkan» toparynyň ýokary netijeleri görkezip, ýeňijiniň münberine çykmagy ildeşlerimiziň has-da buýsanjyny artdyran şanly waka boldy.
Goý, halkymyzy eşretli durmuşda ýaşadýan, röwşen geljegimizi üpjün edýän, eziz Watanymyzyň ösüşleri üçin beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Mämmetoraz ORAZBERDIÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Balkanabat şäher Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň baş hünärmeni.