«Ahal» toparynyň futbolçylary AFK-nyň 2-nji Çempionlar ligasynda «С» toparçadaky ilkinji duşuşykda Hindistanyň «Mohun Bagan» toparyny 1:0 hasabynda ýeňip, ýaryşa üstünlikli başladylar.
Duşuşyk Kalkuttada «Wiwekananda Ýuba Bharati Krirangan» stadionynda 41003 tomaşaçylaryň gatnaşmagynda geçirildi. Türkmenistanyň wise-çempionlarynyň düzüminde ýeňiş goluny duşuşygyň ikinji ýarymynda oýna giren 19 ýaşly Enwer Annaýew 83-nji minutda saldy.
Hindistanyň Günbatar Bengaliýa ştatynyň Kalkutta şäherinden bolan «Mohun Bagan Super Gigant» (iňl. Mohun Bagan Super Giant) topary Aziýanyň gadymy futbol toparlarynyň biridir. Ol 1889-njy ýylyň 15-nji awgustynda döredildi. Özüniň ýüz ýyllyk şanly senesinde Hindistan döwletiniň öňündäki aýratyn hyzmatlarynyň nyşany hökmünde «Hindistanyň milli topary» diýen aýratyn derejä eýe boldy.
«Kalkuttaly ägirtler» diýlip atlandyrylýan «Mohun Bagan» toparynyň futbolçylary Hindistanyň 2024-2025 naýbaşy ligasynyň çempionynyň hukuklary esasynda AFK-nyň 2-nji Çempionlar ligasyna yzygider ikinji ýyl gatnaşýar. Geçen ýylky ýaryşda topar howpsuzlyk maksadyndan ugur alyp, Eýrana «Traktor» topary bilen duşuşmaga gitmekden ýüz döndürendigi sebäpli, AFK-nyň 2024-2025 Çempionlar ligasynda oýnamakdan aýryldy. Geçen möwsümi Hindistanyň naýbaşy ligasynda «Mohun Bagan» topary 24 oýunda 56 utuk toplamak bilen tamamlady, bu netije ikinji orundaky «Goa» toparynyň utugyndan sekiz utuk köpdür. Munuň özi Hindistanyň çempionyna AFK-nyň 2025-2026 Çempionlar ligasyna göni ýollanmany üpjün etdi.
Geçen aýda «Mohun Bagan» topary Hindistanda 1888-nji ýyldan bäri geçirilip gelinýän Aziýada iň gadymy her ýylky abraýly futbol ýaryşynda esasy garşydaşy bolan «Ist Bengal» toparyndan ýeňildi. Ýöne, şondan soň topar braziliýaly hüjümçi Robson Robinýonyň hem-de ýene-de birnäçe oýunçylaryň alynmagy bilen güýçlendirildi.
«Ahal» topary bilen duşuşygyň öňýanynda Hindistanyň çempiony toparynyň düzümindäki daşary ýurtly ökde oýunçylary, şol sanda ozal dünýä çempionatyna gatnaşan awstraliýaly birnäçe futbolçylarynyň bolmagy bilen özüne göwni ýetikdi. Şol oýunçylaryň biri Jeými Maklaren iň köp pökgi geçiren futbolçy hökmünde Awstraliýanyň ligasynyň taryhyna girdi.
Hindistanda hemme ýeňişleri diýen ýaly gazanan ýurduň iň gymmatly futbol topary Türkmenistanyň çempionatynda ikinji orna mynasyp bolmak ugrunda göreş alyp barýan «Türkmennebitönümleri» Baş müdirliginiň topary bilen duşuşykda öz güýjüni barlap görmelidi. «Ahal» topary bilen duşuşmagyň öňýanynda geçen ýyldan bäri baş tälimçi hökmünde «Mohun Bagan» toparyna ýolbaşçylyk edýän 55 ýaşly ispaniýaly hünärmen Hose Molina Aziýada yz galdyryp biljekdigine doly ynamlydy.
«Biz diňe Hindistanda ajaýyp topar bolman, eýsem, Aziýada-da bäsleşip biljekdigimizi hemmelere subut etmek hem-de has ýokary netijeleri gazanmaga synanyşmak isleýäris. «Ahal» topary bilen duşuşyk hem şeýle mümkinçiligiň dörändigine biziň begenýändigimizi görkezmek üçin ajaýyp pursatlardyr» diýip, ispaniýaly hünärmen duşuşygyň öňüsyrasynda geçirilen metbugat-maslahatynda žurnalistlere gürrüň berdi.
Duşuşygyň başy ýer eýelerini aljyratdy: «Ahal» topary eýýäm 2-nji minutda Süleýman Mirziýoýew jerime meýdançasyna okdurylyp gireninde howp döretdi, ýöne, pökgi onuň urgusyndan soň, derwezäniň biraz gapdalyndan geçdi.
13-nji minutda hindi topary garşylyklaýyn ýiti hüjüm etdi, emma, Listonyň, Kolakonyň we Sahal Abdul Samadyň urgulary yzyna gaýtaryldy.
32-nji minutda Hindistanyň çempiony örän çylşyrymly pursatlary başyndan geçirmeli boldy: Magtymberdi Berenow pökgini ýokardan geçirende, pökgi derwezäniň çepki dik sütünine degip gaýtdy.
Duşuşygyň birinji ýarymynyň tamamlanmagyna 11 minut töweregi wagt galanda, ýer eýeleri üçin oňat mümkinçilik peýda boldy – Sahal oýundaky ýoldaşy Jeýson Kammingse pökgini ajaýyp ýagdaý döredip geçirende, awstraliýaly hüjümçi urgusyny maksada ýeter ýaly amala aşyryp bilmedi.
Ikinji ýarymda «Ahal» topary oýnuň barşyny elinde saklamaga ymtylyp, pökgini birek-birege gysga aralyga geçirmegi hem-de hüjümleri tiz alyp barmagy peýdalandy. Türkmenistanly myhmanlarda 57-nji minutda hasaby açmaga ajaýyp mümkinçilik döredi, şonda M.Berenow garşydaşlaryndan ussatlyk bilen geçip, «Mohun Bagan» toparynyň derwezesiniň jerime meýdançasyna böwsüp girdi, ýöne, derwezeban Wişal Kaýt onuň depen pökgisini aşakdan urup yzyna gaýtardy.
59-njy minutda Jeými Maklaren pökgä ilkinji bolup degmegi başarmak bilen tasdan hasaby açypdy, emma, «Ahal» toparynyň derwezebany Kakageldi Berdiýew pökgini aýagy bilen ajaýyp ýagdaýda yzyna gaýtardy.
69-njy minutda «Mohun Bagan» toparynyň futbolçylary garşydaşlarynyň jerime meýdançasynda utgaşykly oýun tilsimleri arkaly bu duşuşykda gol geçirip boljak iň oňat pursaty döretdiler. Kammings Tapydan ajaýyp pökgini alyp, uzakdaky dik sütüne tarap Maklarene pökgini owadan pursat döredip berdi. Ol bolsa özüne geçirilen pökgini dessine urup, derwezäniň toruna salmaga synanyşdy, ýöne, K.Berdiýew synmaz «gala» kimin durup, özüne garşy depilen pökgini ýene-de ajaýyp derejede yzyna serpikdirdi.
71-nji minutda burçdan pökgi oýna girizilip ýokardan berlende, Alberta duran ýerinden yzlygyna öwrülip howply urgy geçirdi, ýöne, pökgi türkmen toparynyň derwezesiniň ýokarky kese sütüniniň üstünden geçip gitdi.
Duşuşygyň ykbalyny çözen pursat 83-nji minutda geldi. Şonda dört minut öňýany ätiýaçlykdan oýna giren Bäşim Gurbanberdiýew we Enwer Annaýew çep gyradan hüjüme geçip, özara ikileýin ajaýyp herekete geçdiler. Gurbanberdiýew iki goragçynyň arasyndan kesip, Annaýewe pökgini ýokary ussatlyk bilen geçirdi, ol bolsa gapdal ýiti burçda duran ýerinden uzakdaky burça aşakdan dürs urmagy başardy.
Türkmen futbolçylary duşuşygy pökgä köp möçberde eýe bolmak (57 göterim), derwezelere iň köp möçberde urgy geçirmek (12 göterim) hem-de derwezäniň özüne köp möçberde urmak (5) bilen tamamlady. Olar «Mohun Bagan» toparynyň oýunçylarynyň özaralarynda pökgi geçirişmeklerindäki 377 möçberiň garşysyna 506 geçirmeleri alyp bardylar – diýip, Hindistandaky meşhur «Hindustan Times» gazeti duşuşygyň netijesini jemledi.
«Ahal» toparynyň AFK-nyň Çempionlar ligasynda eýýäm iki gezek çykyş etmek nesip eden ilkinji türkmen futbol toparydygyny belläp geçmek gerek. 2022-nji ýylda «Ahal» topary Aziýanyň toparlaýyn esasy futbol ýaryşynda Türkmenistana wekilçilik etdi. Saud Arabystanynyň Jidda şäherinde Türkmenistandan, Eýrandan, Katardan we Birleşen Arap Emirliklerinden toparlaryň dördüsiniň gatnaşmagynda geçirilen iki aýlawly ýaryşda «Türkmennebitönümleri» Baş müdirliginiň topary Kataryň «Al-Garaf» toparyndan 4:2 hasabynda üstün çykyp, AFK-nyň Çempionlar ligasynda taryhda ilkinji ýeňşini gazandy. Aziýadaky toparlaýyn abraýly bu futbol ýaryşyndaky ilkinji duşuşygynda bolsa 1:1 hasabynda deňme-deň oýnap, AFK-nyň 2015-nji ýyldaky Çempionlar ligasynyň finalçysy, BAE-niň çempionatynyň bürünç baýragynyň eýesi «Şabab Al-Ahli» toparynyň bir utugyny aldy. Geçiren alty duşuşygynyň netijeleri boýunça «Ahal» topary «С» toparçada «Al-Garaf» (5 utuk), «Şabab Al-Ahli» (10 utuk) we Eýranyň «Fulad» (12 utuk) toparlaryny öňüne geçirip, 4 utuk bilen 4-nji orun eýeledi.
2023-nji ýylda «Ahal» topary Aziýanyň esasy toparlaýyn futbol baýragyny almaga ikinji gezek synanyşdy. Şonda «A» toparçada BAE-niň «Al-Aýn», Saud Arabystanynyň «Al-Feýha» we Özbegistanyň «Pahtakor» toparlary bilen bäsleşikde dördünji orun eýeledi.
Häzirki möwsümde «Ahal» futbol topary Täjigistanyň Tursunzade şäheriniň «Regar-TadAZ» toparyny myhmançylykda duşuşyp, 2:1 hasabynda ýeňiş gazanmak bilen utulan-çykdy arkaly AFK-nyň 2-nji Çempionlar ligasynyň toparçalaýyn tapgyryna çykdy.
Aziýa futbol konfederasiýasy tarapyndan geçirilýän AFK-nyň 2-nji Çempionlar ligasy futbol toparlarynyň arasyndaky ikinji derejeli yklym ýaryşy bolup, derejesi boýunça diňe naýbaşy AFK-nyň Çempionlar ligasyndan yzda durýar.
Ozal AFK-nyň Kubogy diýlip atlandyrylan AFK-nyň 2-nji Çempionlar ligasynyň häzirki toparçalaýyn ýaryşyna 22 ýurtdan 32 toparlaryň gatnaşýandygyny ýatlap geçmek ýerlikli bolar. Olar geografik alamatlary boýunça iki zolaga – Günbatar we Gündogar zolaga bölünendir.
2026-njy ýylyň 10 – 19-njy fewraly aralygynda geçiriljek 1/8 final duşuşyklarynda her toparçadan iň oňat iki futbol toparlary meýdança çykarlar. Çärýek final ýaryşlary 3 – 12-nji mart aralygynda, ýarym final duşuşyklary 7-nji aprelden 15-nji aprel aralygynda, final duşuşygy bolsa 2026-njy ýylyň 16-njy maýynda geçiriler.
«С» toparçasynyň beýleki duşuşygynda Amman şäherinde Iordaniýanyň «Al-Huseýn» topary 1542 tomaşaçylaryň gatnaşmagynda 28-nji minutda Hrubyň ýeňiş goluny geçirmegi netijesinde Eýranyň «Sepahan» toparyndan üstün çykdy.
Şeýlelikde, bu toparçada birinji tapgyryň oýunlaryndan soň, 3 utuk gazanan «Ahal» we «Al-Huseýn» toparlary öňde barýarlar. «Mohun Bagan» we «Sepahan» toparlarynyň häzirlikçe utuklary ýok.
AFK-nyň 2-nji Çempionlar ligasynda «Ahal» topary indiki duşuşygyny 30-njy sentýabrda Arkadag şäheriniň stadionynda «Al-Husseýn» toparynyň garşysyna geçirer. «С» toparçasynyň beýleki duşuşygynda şol gün Eýranda «Sepahan» we «Mohun Bagan» toparlary özara güýç synanyşar.
turkmenistan.gov.tm