ÝOL HEREKETINIŇ HOWPSUZLYGY – ÖMRÜMIZIŇ RAHATLYGY

Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Türkmengala etrap Geňeşiniň, Türkmengala etrap häkimliginiň hem-de etrap bilim bölüminiň bilelikde guramagynda Türkmengala etrabynyň 8-nji orta mekdebinde «Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Onuň dowamynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Türkmengala etrap Geňeşiniň baş hünärmeni Bilbil Jumaýewa, etrap Polisiýa bölüminiň Kämillik ýaşyna ýetmedikleriň işi baradaky bölümçesiniň gözegçisi, polisiýanyň kapitany Baýram Mommaýew, Türkmengala etrap bilim bölüminiň hünärmeni Akga Akgaýew, Türkmengala etrap häkimliginiň baş hünärmeni Dörtguly Aşyrow hem-de etrabyň 8-nji orta mekdebiniň müdiri Akmyrat Gurbanmyradow çykyş etdiler. Çykyş edenler mekdep okuwçylara ýol hereketiniň kadalary, ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak bilen baglanyşykly ündewleri berdiler.

Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar, türkmen halkyny ýagty geljege sary alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.

Tylla RAHMEDOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar

guramasynyň Mary welaýatynyň Türkmengala etrap

Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

23 Sentýabr 2025 | 23 okalan

GARAŞSYZLYK — KÖŇÜLLERIŇ KELAMY

23 Sentýabr 2025 | 20 okalan

SÖHBETDEŞLIK DUŞUŞYGY GEÇIRILDI