Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Ýolöten etrap Geňeşiniň, etrap häkimliginiň, etrap bilim bölüminiň, etrap medeniýet bölüminiň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň Momotaý geňeşligindäki Talhatanbaba medeniýet öýünde edara-kärhanalarda zähmet çekýän işgärleriň gatnaşmagynda “Garaşsyzlyk — köňülleriň kelamy” ady bilen aýdym-sazly söhbetdeşlik duşuşygy geçirildi.
Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Ýolöten etrap Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň müdiri Jennet Orazowa, Türkmenistanyň Agrar Partiýasynyň Mary welaýatynyň Ýolöten etrap komitetiniň başlygy Ýagşymyrat Tairow, Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşyklarynyň Mary welaýatynyň Ýolöten etrap birleşmesiniň başlygy Rozymuhammet Artykow, Ýolöten etrap medeniýet merkeziniň usulyýetçisi Şemşat Durdylowa dagylar çykyş etdiler. Olar öz çykyşlarynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gazanylýan ösüşler, özgertmeler dogrusynda, şeýle hem ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen ýollarda gözegçiligi güýçlendirmek barada giňişleýin gürrüň etdiler.
Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar halkymyzyň parahat, asuda, abadan durmuşda bagtyýar ýaşamagy ugrunda edýän tagallalary üçin Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.
Jennet ORAZOWA,
Türkmenistan Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Mary welaýatynyň Ýolöten etrap Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň müdiri.