Hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi Geňeşi hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan ýaşlaryň arasynda Maglumat tehnologiýalar
ugry boýunça yglan edilen «Türkmenistan – mümkinçilikleriň ýurdy»
atly startap bäsleşiginiň
DÜZGÜNNAMASY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça kabul edilen namalarda göz öňünde tutulan wezipeleriň amala aşyrylmagyny üpjün etmek, milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda sanly ulgamy giňden ornaşdyrmak arkaly ýokary tehnologiýaly we bäsdeşlige ukyply sanly ykdysadyýeti ösdürmek, bu ugurda alnyp barylýan işlere ýaşlary giňden çekmek hem-de höweslendirmek maksady bilen Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi Geňeşi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi Hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli ýaşlaryň arasynda Maglumat tehnologiýalar ugry boýunça «Türkmenistan – mümkinçilikleriň ýurdy» atly startap bäsleşigini yglan edýär.
Bäsleşigiň maksady telekeçilik başlangyçlaryny ösdürmäge ýardam bermek, zehinli ýaşlary we innowasiýany goldamak, şeýle hem ýurduň jemgyýetçilik-ykdysady durmuşyna öňdebaryjy pikirleri we tehnologiýalary ornaşdyrmak üçin amatly gurşawy döretmekden ybaratdyr.
Bäsleşigiň maksatlary
- Ýaşlaryň we hünärmenleriň telekeçilik işjeňligini höweslendirmek.
- Ýurduň ykdysadyýetine we jemgyýetine amaly peýda getirip biljek iň oňat ideýalary ýüze çykarmak we goldamak.
- Maýadarlar, döwlet edaralary we startaperler jemgyýetleriniň arasynda gepleşik meýdançasyny döretmek.
- Türkmenistanda innowasion işi we telekeçiligi goldamak.
- Sanly ykdysadyýeti ösdürmek we kiçi hem orta telekeçiligi goldamak boýunça döwlet syýasatynyň amala aşyrylmagyna ýardam etmek.
Gatnaşyjylar
- Ýaşlar - okuwçylar, talyplar, ýaş mugallymlar, ýaş telekeçiler.
- Startaperler toparlary we innowasion pikirleriň aýratyn awtorlary.
- MT pudagynyň we döredijilik senagatlarynyň wekilleri.
Geçiş tertibi
1. Bäsleşigi yglan etmek – şertleriň çap edilmegi, arzalaryň hasaba alynmagy.
2. Arzalary we işewürlik meýilnamalaryny kabul etmek (onlaýn/oflaýn).
3. Arzalary bilermenler topary tarapyndan öňünden saýlap almak.
4. Ýarymfinalçylara okuw maksatnamasy (bootcamp): taslama (startap) dolandyryşy, çykyş (prezentasiýa), maýadarlary çekmek boýunça ussatlyk sapaklary gurnamak.
5. Jemleýji tapgyr – taslamalaryň emin-agzalaryň, maýadarlaryň we giň diňleýji toparynyň öňünde açyk çykyş arkaly goralmagy.
6. Ýeňijileri sylaglamak we taslamalaryň geljekki hyzmatdaşlara hödürlenmegi.
Bahalandyryş ölçegleri
- Täzeçillik – taslamanyň täzeçilligi we özboluşlylygy.
- Jemgyýetçilik-ykdysady ähmiýet – ýurduň ösüşine goşandy, möhüm meseleleriň çözgüdi.
- Durmuşa ornaşdyrylyşy – taslamanyň tehniki we guramaçylyk taýdan ýerine ýetirilişi.
- Işewürlik modeli – ykdysady netijelilik, monetizasiýa mümkinçilikleri.
- Toparyň işi – gatnaşyjylaryň başarnyklary we mümkinçilikleri.
- Prezentasiýa – düşnükliligi, ynandyryjylygy we taýýarlyk derejesi.
Bäsleşigiň şertleri
Bäsleşige gatnaşmak isleýän startaperler hödürlenýän täjirçilik taslamalary 2025-nji ýylyň 22-nji oktýabryna çenli Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetine (Aşgabat şäheri, S.Türkmenbaşy şaýoly, 81, 3-nji gat) tabşyryp bilerler.
Bäsleşige gatnaşmak isleýän startaperler öz atlaryndan diňe bir taslamany hödürlemäge mümkinçilikleri bardyr.
Bäsleşigi jemlemegiň tertibi
Bäsleşigiň ýeňijileri şu baýrakly orunlar esasynda kesgitleniler:
1-nji orun – 1 ýer;
2-nji orun – 2 ýer;
3-nji orun – 3 ýer;
Bäsleşik 2025-nji ýylyň 25-nji noýabrynda jemlener. Ýeňijilere Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň Hormat hatlary, baýrakly orunlara bäsleşigiň esasy hemaýatkäri TMT hojalyk jemgyýetiniň gymmat bahaly sowgatlary, şeýle-de guraýjylar tarapyndan tapawutlanan taslamalara höweslendiriji baýraklar gowşurylar.
Bäsleşikde tapawutlanan, ykdysady bähbitli taslamalary durmuşa geçirmäge maýadarlary tapmakda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasy ýakyndan goldaw berer.
Guramaçylyk boýunça görkezme
- Guramaçylyk toparyny döretmek.
- Emin-agzalaryň düzümini tassyklamak (işewürlik wekilleri, MT bilermenleri, ykdysadyýetçiler, maýadarlar).
- Arzalary we taslamalary kabul etmek üçin onlaýn platformany taýýarlamak.
- Köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde mahabatlandyrmalar üpjün etmek (web-sahypa, sosial ulgamlarda sahypalar).
- Ýeňijileri goldamak üçin hyzmatdaşlary we maýa goýujulary çekmek.
Habarlaşmak üçin telefonlar:
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň Hukuk we halkara gatnaşyklar bölümi: 22-71-93
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň Guramaçylyk we syýasy işler bölümi: 22-74-07, 22-70-38.