«TÜRKMENISTAN – MÜMKINÇILIKLERIŇ ÝURDY» ATLY STARTAP BÄSLEŞIGI YGLAN EDILDI!

Hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli
Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Senagatçylar we
telekeçiler partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan ýaşlaryň arasynda Azyk howpsuzlygy ugry boýunça yglan edilen «Türkmenistan – mümkinçilikleriň ýurdy» atly startap
bäsleşiginiň

DÜZGÜNNAMASY

Garaşsyz Watanymyzda hususy pudagyň gazanýan üstünlikleri telekeçiligiň ýurduň ösüşindäki ähmiýetini aýdyň görkezýär. Soňky ýyllarda milli ykdysadyýetimiziň diwersifikasiýalaşdyrylmagy we bazar gatnaşyklarynyň ösdürilmegi hususy pudagyň ornunyň pugtalanmagyna, ýurdumyzda önüm bolçulygynyň üpjün edilmegine, milli haryt nyşanly önümlerimiziň dünýä bazarlaryna çykarylmagyna ýardam etdi. Bu gün türkmen telekeçileri oba hojalygyndan we sarp ediş harytlarynyň önümçiliginden başlap, hyzmatlar, gurluşyk, ýokary tehnologiýalar pudaklaryna çenli giň ugurlarda iş alyp barýarlar. Bu ugurdaky alnyp barylýan işlerde ýaşlaryň mümkinçiliklerini giňeltmek hem-de höweslendirmek maksady bilen Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi Hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli ýaşlaryň arasynda Azyk howpsuzlygy ugry boýunça «Türkmenistan – mümkinçilikleriň ýurdy» atly startap bäsleşigini yglan edýär.

Bäsleşigiň esasy maksady zehinli ýaşlary ýüze çykarmakdan, olary döredijilik gözleglerine ruhlandyrmakdan, ýurdumyzda ekspordyň möçberini artdyrmak we impordyň ornuny tutýan önümleriň önümçiligini gurnamakdan, ýaşlara eziz Watanymyzyň ykdysady ösüşine goşant goşmaga çagyrmakdan ybaratdyr.

Bäsleşigiň maksatlary:

  • Ýaşlaryň we hünärmenleriň telekeçilik işjeňligini höweslendirmek.
  • Ýurduň ykdysadyýetine we jemgyýetine amaly peýda getirip biljek iň oňat ideýalary ýüze çykarmak we goldamak.
  • Maýadarlar, döwlet edaralary we startaperler jemgyýetleriniň arasynda gepleşik meýdançasyny döretmek.
  • Türkmenistanda innowasion işi we telekeçiligi goldamak.
  • Sanly ykdysadyýeti ösdürmek we kiçi hem orta telekeçiligi goldamak boýunça döwlet syýasatynyň amala aşyrylmagyna ýardam etmek.

Gatnaşyjylar

  • Ýaşlar – okuwçylar, talyplar, ýaş mugallymlar, ýaş telekeçiler.
  • Oba hojalyk pudagynyň wekilleri.
  • Startaperler toparlary we innowasion pikirleriň aýratyn awtorlary.

Geçiş tertibi

1. Bäsleşigi yglan etmek.

2. Arzalary we işewürlik meýilnamalaryny kabul etmek (onlaýn/oflaýn).

3. Arzalary bilermenler topary tarapyndan öňünden saýlap almak.

4. Ýarymfinalçylara okuw maksatnamasy (bootcamp): taslama (startap) dolandyryşy, çykyş (prezentasiýa), maýadarlary çekmek boýunça ussatlyk sapaklary gurnamak.

5. Jemleýji tapgyr – taslamalaryň emin-agzalaryň, maýadarlaryň we giň diňleýji toparynyň öňünde açyk çykyş arkaly goralmagy.

6. Ýeňijileri sylaglamak we taslamalaryň geljekki hyzmatdaşlara hödürlenmegi.

Bahalandyryş ölçegleri

  • Täzeçillik – taslamanyň täzeçilligi we özboluşlylygy.
  • Jemgyýetçilik-ykdysady ähmiýet – ýurduň azyk howpsyzlygyna täsiri, möhüm meseleleriň çözgüdi.
  • Durmuşa ornaşdyrylyşy – taslamanyň guramaçylyk taýdan ýerine ýetirilişi.
  • Işewürlik modeli – ykdysady netijelilik, monetizasiýa mümkinçilikleri.
  • Toparyň işi – gatnaşyjylaryň başarnyklary we mümkinçilikleri.
  • Prezentasiýa – düşnükliligi, ynandyryjylygy we taýýarlyk derejesi.

Bäsleşigiň şertleri

Bäsleşige gatnaşmak isleýän startaperler hödürlenýän täjirçilik taslamalary 2025-nji ýylyň 22-nji oktýabryna çenli Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetine (Aşgabat şäheri, S.Türkmenbaşy şaýoly, 81, 3-nji gat) tabşyryp bilerler.

Bäsleşige gatnaşmak isleýän startaperler öz atlaryndan diňe bir taslamany hödürlemäge mümkinçilikleri bardyr.

Bäsleşigi jemlemegiň tertibi

Bäsleşigiň ýeňijileri şu baýrakly orunlar esasynda kesgitleniler:

1-nji orun – 1 ýer;

2-nji orun – 2 ýer;

3-nji orun – 3 ýer;

Bäsleşik 2025-nji ýylyň 25-nji noýabrynda jemlener. Ýeňijilere Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň Hormat hatlary, baýrakly orunlara bäsleşigiň esasy hemaýatkäri TMT hojalyk jemgyýetiniň gymmat bahaly sowgatlary, şeýle-de guraýjylar tarapyndan tapawutlanan taslamalara höweslendiriji baýraklar gowşurylar.

Bäsleşikde tapawutlanan, ykdysady bähbitli taslamalary durmuşa geçirmäge maýadarlary tapmakda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasy ýakyndan goldaw berer.

Guramaçylyk boýunça görkezme

  • Guramaçylyk toparyny döretmek.
  • Emin-agzalaryň düzümini tassyklamak (işewürlik wekilleri, MT bilermenleri, ykdysadyýetçiler, maýadarlar).
  • Arzalary we taslamalary kabul etmek üçin onlaýn platformany taýýarlamak.
  • Köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde mahabatlandyrmalar üpjün etmek (web-sahypa, sosial ulgamlarda sahypalar).
  • Ýeňijileri goldamak üçin hyzmatdaşlary we maýa goýujylary çekmek.

Habarlaşmak üçin telefonlar:

 

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň

Merkezi Geňeşiniň Hukuk we halkara gatnaşyklar bölümi: 22-71-93

 

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň Guramaçylyk we syýasy işler bölümi: 22-74-07, 22-70-38.

Meňzeş habarlar