Ýokary liganyň toparlarynyň arasynda geçirilýän 2025-nji ýylyň futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň 19-njy tapgyrynyň çägindäki iki duşuşyk hem Aşgabat şäherinde geçirildi.
Tapgyryň iň netijeli duşuşygy Büzmeýin etrabynyň «Sport toplumy» stadionynda geçirilen duşuşygy bolup, onda «Altyn asyr» topary «Köpetdag» toparyny kabul etdi.
Duşuşyk dolulygyna diýen ýaly ýer eýeleriniň artykmaçlygynda geçdi, olar birinji ýarymda iki, ikinji ýarymda bolsa üç pökgi geçirdiler. «Altyn asyr» toparynyň derwezesine bolsa diňe bir pökgi girdi. Ýeňijileriň arasynda aşakdaky futbolçylar – 3-nji minutda Myrat Annaýew, 39-njy minutda Begençmyrat Myradow, 50-nji minutda Süleýman Muhadow, 86-njy minutda bolsa Zafar Babajanow tapawutlandylar. Şeýle hem «Köpetdag» toparynyň oýunçysy Resul Mahmydow 53-nji minutda öz derwezesine geçiren pökgüsi bilen tapawutlandy. Ýeňlişe sezewar bolan toparda bolsa Şamyrat Mämedow 84-nji minutda abraýly pökgüsini geçirdi.
Duşuşygyň 24-nji minudynda «Altyn asyr» toparynyň oýunçysy Rahman Myratberdiýew we «Köpetdag» toparynyň oýunçysy Myrat Dadaýew meýdançadan çykaryldy we toparlar oýny doly däl düzümde tamamladylar.
5:1 hasaby bilen ýeňiş gazanan «Altyn asyr» topary 33 utuk bilen milli çempionatyň ikinji basgançagyna çykdy. «Ahal» toparynyň bolsa bir utugy az, sebäbi ol 3 oýny kem oýnady.
14-nji ýeňlişini geçiren «Köpetdag» topary bolsa 8 utuk bilen ýaryş sanawynyň iň soňky ornunda galýar.
Tapgyryň ikinji duşuşygy «Nusaý» stadionynda geçirildi. Bu ýerde Balkanabat şäheriniň «Nebitçi» topary «Aşgabat» topary bilen duşuşdy we 2:1 hasabynda ýeňiş gazandy.
Ýer eýeleri eýýäm 1-nji minutda tapawutlandylar. Meýdançanyň uzak aralygyndan geçirilen pökgi ýere degip, derwezeçiniň üstünden geçdi we Pirmyrat Soltanow kellesi bilen ony boş derwezä ugrukdyrdy. 18-nji minutda Serdar Gulyýew hasaby deňledi – 1:1. 63-nji minutda bolsa Arslangylyç Nazgylyjow jerime urgusyny üstünlikli ýerine ýetirip, «Nebitçi» toparyna ýeňiş getirdi.
74-nji minutda Said Soltanmyradowyň iki sary kartoçka alandygy sebäpli «Aşgabat» topary oýny azlykda dowam etdi.
Bu ýeňişden soň «Nebitçi» topary 22 utuk bilen bäşinji orunda we «Aşgabat» toparyndan 5 utuk öňe geçdi.
Milli çempionatyň 19-njy tapgyrynyň jemleýji duşuşygy bolan «Şagadam» – «Ahal» toparlarynyň duşuşygy, Türkmenistanyň wise-çempiony bilen Hindistanyň «Mohun Bagan» toparynyň arasyndaky AFK-nyň 2-nji Çempionlar ligasynyň toparçalaýyn tapgyrynyň ilkinji duşuşygy sebäpli, ätiýaçlyk günleriniň birine geçirildi.
turkmenistan.gov.tm