Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Esenguly etrap Geňeşiniň etrap bilim bölümi, etrap polisiýa bölümi, etrabyň jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde guramagynda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» ady bilen ýaýbaňlandyrylan biraýlygyň çäklerinde köçe-ýol hereketiniň düzgünlerini ýaş nesillere düşündirmek maksady bilen 2-nji çagalar bagynda terbiýelenýän körpeleriň gatnaşmagynda «Ýol hereketiniň ýaş gözegçileri» ady bilen bäsleşik geçirildi.
Bäsleşikde körpejeler çagalar bagyna gidilende diňe pyýadalar üçin niýetlenen ýerlerden geçmelidigini, ene-atalaryň ellerinden tutup seresaplylyk bilen ýollardan geçmelidigini öwrendiler, şeýle hem öz ukyp-başarnyklaryny, zehinlerini açyp görkezmek bilen ýörite şertli belgiler bilen tanyşdyrmak boýunça tutanýerli bäsleşdiler.
Çäräniň dowamynda işjeň gatnaşan çagalara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Esenguly etrap Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.
Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar bagtyýar nesilleriň mynasyp-bilim terbiýe almagy, zähmetsöýer, watansöýüji nesiller bolup ýetişmekleri ugrunda bimöçber aladalar edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.
Tagandurdy TAGANDURDYÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Balkan welaýatynyň Esenguly etrap Geňeşiniň başlygy.