ASUDALYK MEKANY — BAKY BAGTYŇ MUKAMY

Golaýda sentýabr aýynyň dowamynda “Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlygyň çäklerinde Mary welaýatynyň Mary şäherinde ýerleşýän orta we ýokary okuw mekdepleriniň okuwçylarynyň hem-de talyp ýaşlarynyň gatnaşmagynda ýol hereketiniň düzgünlerini berjaý etmegiň zerurlygyny, ýaramaz endikleriň saglyga ýetirýän zyýanly täsirlerini, sagdyn durmuş we milli ahlak ýörelgelerini düşündirmek maksady bilen Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň, Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň, Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bilelikdäki meýilnamasy esasynda Hydyr Derýaýew adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň mejlisler zalynda «Asudalyk ösüşleriň ganaty» ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Duşuşyga gatnaşanlar öz çykyşlarynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaş nesilleriň Watana, il-halka wepaly nesiller bolup ýetişmekleri ugrunda edýän atalyk aladalary, ösüp gelýän ýaş nesilleriň sagdyn, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly şahsyýetler bolup ýetişmekleri ugrunda ýurdumyzda durmuşa geçirilýän maksatnamalar hakynda giňişleýin gürrüň etdiler.

Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar türkmen halkynyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy, halal zähmet çekmegi ugrunda giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.

Göwher KAKAGELDIÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Mary welaýatynyň Mary şäher Geňeşiniň baş hünärmeni.

Meňzeş habarlar

30 Oktýabr 2025 | 26 okalan

MILLI NESIL — TERBIÝÄNIŇ ÖZENI

28 Oktýabr 2025 | 70 okalan

BAÝRAMÇYLYK DABARASY GEÇIRILDI

27 Oktýabr 2025 | 91 okalan

SAGDYN NESIL — EGSILMEZ GÜÝÇ