ÝOL HEREKETINIŇ HOWPSUZLYGY — ÖMRÜMIZIŇ RAHATLYGY

Golaýda TMÝG-niň Magtymguly etrap Geňeşiniň hem-de etrap polisiýa bölüminiň bilelikde guramagynda orta mekdep okuwçylarynyň gatnaşmagynda ýol hereket howpsuzlygynyň gözegçiligini güýçlendirmek, ýaşlara ýol hereket howpsuzlygynyň düzgünleriniň ähmiýetini düşündirmek maksady bilen etrabyň 8-nji orta mekdebinde «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda çykyş edenler yzygiderli geçirilýän wagyz-nesihat çäreleriniň ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almakda, ösüp gelýän ýaş nesilleriň ýol hereketiniň kadalaryny doly öwrenmeklerinde ähmiýetiniň örän uludygyny belläp geçdiler. Çäräniň dowamynda ýurdumyzyň her bir raýatynyň ýol hereketiniň düzgünlerini doly bilmegi we berjaý etmegi ýollarymyzyň asudalygyny, durmuşymyzyň rahatlygyny üpjün edýändigi baradaky çykyşlara giň orun berildi.

Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar türkmen halkynyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda taýsyz-tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

Durdy DURDYÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Balkan welaýatynyň Magtymguly etrap Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

17 Sentýabr 2025 | 28 okalan

SPORT SAGDYNLYGYŇ GÖZBAŞY

17 Sentýabr 2025 | 29 okalan

ÝOLLAR ASUDA — ILLER ABADAN

17 Sentýabr 2025 | 62 okalan

MASLAHATLY IL MYRADA ÝETER