RÖWŞEN GELJEGE ÝETIRJEK AÝDYŇ ÝOL

Garaşsyzlygyny gazanyp, özbaşdak ösüş ýoluna gadam basan ilkinji gününden başlap Türkmenistan döwletimiz parahatçylyksöýüjilikli daşary syýasaty durmuşa geçirýär. Sebitde we dünýäde halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmäge we işjeňleşdirmäge mynasyp goşant goşýar. Milli we ählumumy bähbitleri nazara alýan ynsanperwer başlangyçlary öňe sürýär. Hoşniýetli goňşuçylyk, birek-birege hormat goýmak, deňhukuklylyk ýörelgelerine berk eýerýär. Dünýä döwletleri bilen ähli ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge ymtylýar. Agzybir halkymyz bolsa parahat, eşretli, bagtyýar durmuşyň hözirini görüp ýaşaýar.

Bitaraplyk syýasatyna berk eýerýän ýurdumyzyň häzirki zaman şertlerinde dünýäde parahatçylygyň we ylalaşygyň berkarar edilmeginiň hatyrasyna edýän tagallalarynyň möhüm ähmiýete eýedigini hem bellemek gerek. Türkmenistan bu gün halkara gatnaşyklarynyň ösmegi we berkemegi, hyzmatdaşlygyň täze ugurlarda ýola goýulmagy üçin saldamly goşant goşýar. Bu ugurda dünýäniň 50-den gowrak abraýly halkara guramalary bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edýär. Ynsanperwer maksatnamalara, konwensiýalara we şertnamalara işjeň gatnaşýar, dürli başlangyçlary öňe sürýär. Ýurdumyzyň çäginde dürli mazmunly maslahatlaryň, forumlaryň, duşuşyklaryň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi üçin ähli şertler döredilýär.

Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen durmuşa geçirilýän bu beýik işlere dünýä jemgyýetçiligi ýokary baha berýär.

Mämmetoraz ORAZBERDIÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Balkanabat şäher Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň baş hünärmeni.

Öňki makala

ALKYŞNAMA!

Meňzeş habarlar

10 Sentýabr 2025 | 37 okalan

ÝAŇLANSYN PARAHATLYK AÝDYMY

09 Sentýabr 2025 | 44 okalan

RÖWŞEN GELJEGE ÝETIRJEK AÝDYŇ ÝOL