ALKYŞNAMA!

Asudalyk, parahatlyk höküm sürýär Watanymda,

Garaşsyzlyk ýoly bilen güller açýar Diýarymyz!

Bitaraplyk syýasatyn öňe sürýär gadamynda,

Ýollaryňyz rowan bolsun, Arkadagly Serdarymyz!

 

Aşgabadym merjen şäher, dört künjegi mermer bina,

Buýsanç bilen doly gursak, Watan waspy dilde sena,

Güller açýar Türkmenistan, haýran oňa goja dünýä,

Gadamlarňyz batly bolsun, Arkadagly Serdarymyz!

 

Bu Watana gulluk etmek, mukaddeslik, parzdyr bize,

Çäksiz goldaw, hemaýat bar, Sizden ähli ýaşlarmyza,

Güller guçýan zamanada alkyş aýdýar kalplar Size,

Şöhratyňyz arşa galsyn, Arkadagly Serdarymyz!

 

Geldi bu gün Pyragynyň arzuw eýlän zamanasy,

Günbe-günden arşa galýar ösüşleriň owazasy,

Dünýä adyl ýoly gurýan, Arkadagyň dowamaty,

Ýollaryňyz rowan bolsun! Arkadagly Serdarymyz!

Mekan MÄMEDOW,

Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň

hukuk fakultetiniň 5-nji ýyl talyby.

Meňzeş habarlar

24 Sentýabr 2025 | 79 okalan

PARAHATÇYLYK — ÝAŞLARYŇ RÖWŞEN GELJEGI

22 Sentýabr 2025 | 91 okalan

TÜRKMENISTAN ÖSÜŞ WE ROWAÇLYK ÝOLUNDA

18 Sentýabr 2025 | 185 okalan

GARAŞSYZLYK — HALKYMYZYŇ BUÝSANJY