ÝURDUMYZDA YNSAN SAGLYGY UGRUNDA ALNYP BARYLÝAN IŞLER BARHA DABARALANÝAR

Golaýda, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrap Geňeşiniň we etrabyň beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň guramagynda Balkan welaýat maliýe-ykdysadyýet orta hünär okuw mekdebinde bilim alýan talyplaryň arasynda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy» atly bir aýlygyň başlamagy mynasybetli wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Onuň dowamynda çykyş edenler Konstitusiýany, kanunlary düşündirmek, adam söwdasy, bilkastlaýyn adam öldürmek, agyr ten şikesini ýetirmek, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygy we beýleki jenaýatlara garşy göreşmek, öz janyňa kast etmek ýaly hereketleriň, nika bozulmalarynyň öňüniň alynmagy, tebigaty goramak, telekeçilik işi baradaky kanunlary, tertip-düzgüni berjaý etmek, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän döwlet syýasaty barada hem-de kanun bozulmalaryň öňüni almak, ýol hereketiniň kadalaryny, ýaramaz endikleriň täsirleri, hadysalaryň netijeleri, jenaýatçylygyň alamatyny, ýangyn howply ýagdaýlaryň döremek howpuny, sagdyn durmuş we milli ahlak ýörelgelerini giňişleýin düşündirdiler. Bu çärä gatnaşyp onda çykyş edenler, ýol hereketiniň howpsuzlygy barada ýaş nesillerimize düşünje bermek biziň her birimiziň öňde goýan esasy maksatlarynyň biri bolmalydygy barada belläp geçdiler.

Wagyz-nesihat çäresiniň ahyrynda oňa gatnaşanlar Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem hoşallyk sözlerini beýan etdiler.

Altynaý MÄMMETNAZAROWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrap Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

17 Sentýabr 2025 | 29 okalan

SPORT SAGDYNLYGYŇ GÖZBAŞY

17 Sentýabr 2025 | 30 okalan

ÝOLLAR ASUDA — ILLER ABADAN

17 Sentýabr 2025 | 68 okalan

MASLAHATLY IL MYRADA ÝETER