BILIMLER WE TALYP ÝAŞLAR GÜNÜNE BAGYŞLANAN ÇÄRE

Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Baýramaly şäher Geňeşiniň hem-de şäher bilim bölüminiň bilelikde guramagynda Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli Baýramaly şäheriniň 5-nji orta mekdebinde bilim alýan okuwçylaryň gatnaşmagynda “Bilim — bagtly geljegiň binýadydyr” atly aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi.

Çäräniň dowamynda çykyş edenler ýurdumyzda her ýyl orta mekdebe gelýän 1-nji synp okuwçylaryna hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyndan kompýuterleriň sowgat berilýändigini, ýaş nesilleriň bilim almagy, hünär öwrenmegi, beden we ruhy taýdan sagdyn bolmagy üçin çäksiz aladalaryň edilýändigini uly buýsanç bilen bellediler.

Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaşlaryň ylym-bilimli, zähmetsöýer, giň dünýägaraýyşly, kämil şahsyýetler bolup ýetişmekleri üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.

Selbi ÇOLUKOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Mary welaýatynyň Baýramaly şäher Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň baş hünärmeni.

Meňzeş habarlar

11 Sentýabr 2025 | 12 okalan

WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI

11 Sentýabr 2025 | 12 okalan

ASUDALYK MEKANY — BAKY BAGTYŇ MUKAMY

09 Sentýabr 2025 | 47 okalan

SPORT ÝARYŞY GEÇIRILDI