Ýurdumyzyň Naýbaşy futzal ligasynyň 11-nji tapgyrynyň duşuşyklary bilen üçünji aýlawa badalga berildi.
Ýurdumyzyň çempiony diýen at ugrunda alty sany futzal toparynyň bäsleşýändigini ýatladýarys. Olaryň üçüsi – «Köpetdag», «Senagatbank» we «Migrasiýa» Aşgabada, ikisi, ýagny «Deňizçi» we «Türkmennebit» döwlet konserniniň TNGIZT topary Balkan, «Ahal» bolsa Ahal welaýatyna degişlidir.
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sport toplumynyň meýdançasyna ilkinji bolup «Deňizçi» bilen «Ahal» toparynyň futzalçylary çykdy. Garşydaşlar tutuş duşuşygyň dowamynda birek-biregiň derwezesine top geçirip bilmän, oýny 0:0 hasabynda deňme-deň tamamladylar.
Tapgyryň soňky oýunlarynda «Köpetdag» TNGIZT toparyny 9:3 hasabynda utdy, «Senagatbank» bolsa «Migrasiýa» bilen oýunda 2:1 hasabynda aňsat bolmadyk ýeňşi gazandy.
Ýurdumyzyň Naýbaşy futzal ligasynda 11-nji tapgyrdan soň häzirki çempion «Köpetdag» topary 27 utuk bilen ynamly öňde barýar. «Ahal» topary ondan 9 utuk yza galýar. Öňde barýan üç toparyň soňky hataryny Türkmenistanyň dört gezek öňki çempiony we geçen ýylky milli Birinjiligiň bürünç medalçysy, häzir bolsa 2024-nji ýylda ýurduň wise-çempiony bolan «Senagatbank» toparyndan 1 utuk öňde barýan 17 utukly «Deňizçi» topary eýeleýär.
Indiki, 12-nji tapgyrda «TNGIZT» – «Migrasiýa», «Ahal» – «Senagatbank», «Deňizçi» bolsa «Köpetdag» toparlary bilen duşuşarlar.
turkmenistan.gov.tm