TÜRKMENISTANYŇ 23 ÝAŞA ÇENLI ÝAŞLAR ÝYGYNDY TOPARY FUTBOL BOÝUNÇA 2026-NJY ÝYLDA GEÇIRILJEK AZIÝA KUBOGYNYŇ SAÝLAMA ÝARYŞYNDA ÇYKYŞYNA BAŞLAÝAR

Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndy topary şu gün 2026-njy ýylda 23 ýaşa çenli (U23) ýaşlar ýygyndy toparlarynyň arasynda geçiriljek Aziýa Kubogynyň saýlama ýaryşyna Hytaýyň Taýpeý toparyna garşy duşuşygy bilen başlar. Duşuşyk Iordaniýanyň paýtagty Amman şäherinde geçiriler. Ol ýerde ýaryşyň soňky bölümine çykmak ugrunda Butanyň we Iordaniýanyň wekilleri-de bäsleşerler.

2026-njy ýylda geçiriljek Aziýa Kubogynyň saýlama ýaryşyna, bije çekişligiň netijelerine laýyklykda, 11 saýlama toparça bölünen 44 topar gatnaşýar.

7-nji gezek 23 ýaşa çenli ýaşlaryň arasynda geçirilýän häzirki Aziýa Kubogynyň ýaryşlarynda iki topar ilkinji gezek çykyş eder. Bular Futbol federasiýasy FIFA-nyň agzasy bolmadyk Demirgazyk Mariana adalarynyň ýygyndy topary we Futbol federasiýasy FIFA-nyň agzasy bolan Butanyň milli ýygyndy toparydyr.

Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndy topary we garşydaşlary «A» toparçada bäsleşerler.

Toparlaryň ýeňijileri, şeýle hem ikinji orunlary eýelän iň gowy dört ýygyndy topar 2026-njy ýylyň 7 – 25-nji ýanwary aralygynda Saud Arabystanynda ilkinji gezek geçiriljek Aziýa Kubogynyň finalyna gatnaşarlar. Saud Arabystanynyň ýaşlar ýygyndy topary meýdança eýesi hökmünde ýaryşyň soňky tapgyryna gatnaşmaga gönüden-göni hukuk gazandy.

Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndy toparynyň baş tälimçisi Ahmet Agamyradow 2026-njy ýylda geçiriljek Aziýa Kubogynyň saýlama ýaryşyna gatnaşmak üçin, ýurdumyzyň 7 futbol toparyndan 23 futbolçyny hödürledi.

Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndy toparynyň sanawy:

Derwezebanlar: Seýran Aşyrow («Arkadag»), Wepa Mammaýew («Ahal»), Kakageldi Berdiýew («Ahal»).

Goragçylar: Ylýas Çaryýew («Arkadag»), Pälwan Annaýew («Arkadag»), Galabeg Jumamyradow («Köpetdag»), Tirkişmyrat Sarymyradow («Aşgabat»), Beglimuhammet Bekmyradow («Ahal»), Nurulla Raýymbaýew («Aşgabat»).

Ýarymgoragçylar: Nurtagan Saryýew («Ahal»), Arslan Saparow («Köpetdag»), Aly Haýdarow («Altyn asyr»), Ybraýym Amangeldiýew («Arkadag»), Begenç Mämiýew («Ahal»), Magtymberdi Berenow («Ahal»), Azizbek Bekjanow («Şagadam»), Abdyrahman Annamyradow («Altyn asyr»).

Hüjümçiler: Gurbanmuhammet Esenow («Arkadag»), Enwer Annaýew («Ahal»), Daýanç Meredow («Köpetdag»), Abdyresul Abdyýew («Merw»), Şöhrat Owmadow («Merw»), Söhbet Durdyýew («Altyn asyr»).

Bir gün öň, saýlama ýaryşyna gatnaşjaklaryň duşuşykdan öňki maslahatynda Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndy toparynyň Hytaýyň Taýpeý topary bilen duşuşyga ak lybasda, garşydaşynyň bolsa gök lybasda çykmalydygy barada karara gelindi. Toparçalaýyn tapgyryň galan duşuşyklarynda bolsa biziň toparymyz ýaşyl geýimde oýnar.

Iki ýyl ozal Indoneziýanyň Surakarta şäherinde 23 ýaşa çenli ýaşlaryň arasynda geçirilen Aziýa Kubogynyň saýlama ýaryşynda Türkmenistanyň we Hytaýyň Taýpeý ýaşlar toparlary eýýäm duşuşypdylar. Şonda türkmen futbolçylary 4:0 hasabynda uly ýeňiş gazanypdy.

Ondan öň, 2022-nji ýylda bolsa Ahmet Agamyradowyň ýolbaşçylygyndaky ýaşlar ýygyndy topary taryhy üstünlik gazanypdy – ol Daşkentde geçirilen ýaryşyň soňky tapgyryna ilkinji gezek çykyp, çärýek finala ýetipdi.

Mundan öňki Aziýa Kubogynyň 2024-nji ýylda Katarda geçirilendigini, ýaryşyň finalynda Özbegistanyň toparyny 1:0 hasabynda ýeňen Ýapon toparynyň ýeňiji bolandygyny ýatladýarys.

turkmenistan.gov.tm

Meňzeş habarlar

04 Sentýabr 2025 | 76 okalan

SPORT WE TERBIÝE