Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrap Geňeşi, etrap bilim bölümi, şeýle-de etrap polisiýa bölümi bilen bilelikde guramagynda Türkmenbaşy etrabynyň 2-nji orta mekdebiniň ýokary synp mekdep okuwçylarynyň arasynda ýol hereketleriniň düzgünlerini düşündirmek hem-de ýol hereketiniň kadalaryny berjaý etmeklerini nygtamak maksady bilen «Ýol hereketiniň düzgünlerini berjaý edeliň!» ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda ýol hereketinde sürüjileriň hem-de pyýada ýolagçylaryň ünsli bolmaklary, ýol hereketiniň kadalaryny doly we dogry berjaý etmekleri, sürüjileriň çagalar baglarynyň, mekdepleriň hem-de köpçülikleýin çäreler geçirilýän ýerleriň golaýyndan geçenlerinde, kesgitlenen tizlik bilen hereket etmekleri barada nygtap geçdiler.
Duşuşygyň ahyrynda bagtyýar halkymyzyň röwşen geljegi bolan ýaş nesillerimiz barada şunuň ýaly aladalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, tutumly işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler!
Akmuhammet NAZAROW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrap Geňeşiniň başlygy.