BILIMLER WE TALYP ÝAŞLAR GÜNI

Her  ýylyň 1-nji sentýabry uly şatlyk-şowhuna beslenýär. Sebäbi, bu günde körpeje çagajyklar täze okuw ýylyna, bilim ojagyna ilkinji ädimler bilen gadam basýarlar.

2025-2026-njy okuw ýylynyň 1-nji sentýabr güni ýurdumyzyň ähli umumbilim berýän orta mekdeplerinde bolşy ýaly, Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabyndaky 8-nji orta mekdebinde hem, daň säher bilen “Bilimler we talyp ýaşlar güni ” uly dabara bilen bellenilip geçildi. Bu dabaraly pursatda mekdebiň mugallymlary, öz ýürek buýsançlaryny hem-de täze okuw ýyly mynasybetli gutlag sözlerini aýtdylar.

Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşanlar, şeýle mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan tutumly işleriniň elmydama rowaç almagyny arzuw etdiler.

Durdy DURDYÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Balkan welaýatynyň Magtymguly etrap Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

17 Sentýabr 2025 | 31 okalan

SPORT SAGDYNLYGYŇ GÖZBAŞY

17 Sentýabr 2025 | 30 okalan

ÝOLLAR ASUDA — ILLER ABADAN

17 Sentýabr 2025 | 81 okalan

MASLAHATLY IL MYRADA ÝETER