BILIM — BAGTLY GELJEGIŇ BINÝADYDYR

Ýurdumyzyň ähli künjeginde bolşy ýaly, Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabynyň 20-nji orta mekdebinde Bilimler we talyp ýaşlar güni giňden we dabaraly ýagdaýda bellenildi.

Bu geçirilen dabarada 20-nji orta mekdebiniň müdiri T.Hümmetgulyýew, etrap bilim bölüminiň müdiri B.Nurmämedow, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Tagtabazar etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni T.Çaryýewa dagylar çykyş etdiler. Olar öz çykyşlarynda ýaş nesilleriň ylymly-bilimli, sagdyn, ruhubelent, kämil şahsyýetler bolup ýetişmeklerini arzuw edip, hormatly Prezidentimiziň adyndan 1-nji synpa barýan körpelere sowgatlary gowşurdylar.

Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaş nesilleriň döwrebap bilim almagy, ylym öwrenmegi ugrunda giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.

Täzegül ÇARYÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň

Tagtabazar etrap Geňeşiniň Guramaçylyk

bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

11 Sentýabr 2025 | 12 okalan

WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI

11 Sentýabr 2025 | 12 okalan

ASUDALYK MEKANY — BAKY BAGTYŇ MUKAMY

09 Sentýabr 2025 | 47 okalan

SPORT ÝARYŞY GEÇIRILDI