BILIMLI NESIL — KUWWATLY WATAN

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ähli künjeginde bolşy ýaly, Ahal welaýatynyň Sarahs etrabynda hem hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýaş nesillere bilim bermek, olaryň zehinini ösdürmek hem-de kämil şahsyýetler edip ýetişdirmek ugrunda uly işler alnyp barylýar.

Her ýylyň 1-nji sentýabrynda ýurdumyzda giňden bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli etrabyň mekdeplerinde dabaraly çäreler geçirildi.

Dabaralara gatnaşyjylar üçin bu gün aýratyn şatlykly pursatlara baý boldy. Ýylyň ilkinji gününden başlap okuwçylaryň mekdebe gadam basmagy, olaryň bagtyýar çagalyk dünýäsiniň täze sahypasynyň açylmagy her bir maşgalanyň ýüreginde buýsanç döretdi. Okuwçylaryň ýürek joşgunly çykyşlary, goşgulary, aýdymlary bilen utgaşan baýramçylyk çäreleri bu günüň toý şowhunyny has-da artdyrdy.

Dabaranyň dowamynda bilim ulgamynda ýokary netijeleri gazanan, zehinli okuwçylary terbiýelemekde uly goşant goşýan mugallymlaryň çeken halal zähmetleri aýratyn bellenip geçildi. Mugallymlar ýaş nesillere diňe bilim bermek bilen çäklenmän, eýsem, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýaşlar barada alnyp barylýan döwlet syýasatyny wagyz etmekde, düşündirmekde we ýerine ýetirmekde işeňňirlik görkezmekde hem uly orny eýeleýärler.

Şeýle dabaraly pursatda işeňňirlik görkezen mugallymlara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň adyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. Bu bolsa ýurdumyzyň ýaşlar syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň, mugallymlaryň jemgyýetimizde mertebesiniň ýokary tutulýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Çäräniň dowamynda çykyş edenler ýaş nesilleriň döwrebap bilim-terbiýe almagy ugrunda döredilýän giň mümkinçilikler barada buýsanç bilen gürrüň etdiler. Şeýle hem bilim ojagynda zähmet çekýän mugallymlara minnetdarlyk bildirilip, okuwçylara täze okuw ýylynda üstünlikler arzuw edildi.

Gyzlargül ANNAGURDOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Ahal welaýatynyň Sarahs etrap Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

03 Sentýabr 2025 | 102 okalan

BILIMLI NESIL — KUWWATLY WATAN

03 Sentýabr 2025 | 112 okalan

1-NJI SENTÝABR BILIMLER WE TALYP ÝAŞLAR GÜNI