Ýurdumyzda her ýylyň sentýabr aýynyň 1-i uly şatlyk-şowhuna beslenýär. Sebäbi bu günde körpejeler bilim ojagyna ilkinji ädimleri bilen gadam basýarlar. Şeýle-de, orta mekdebiň ýokary synp okuwçylary hem körpejeler bilen bilelikde uly buýsanç bilen dabaraly çärä gatnaşýarlar.
2025-2026-njy okuw ýylynyň 1-nji sentýabr güni ýurdumyzyň ähli künjeginde bolşy ýaly Sarahs etrabynyň orta mekdeplerinde hem säher bilen Bilimler we talyp ýaşlar güni dabaraly bellenilip geçildi.
Dabaranyň dowamynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň mekdep okuwçylaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine iberen gutlag sözi okaldy. Şeýle hem dabarada okuwçylara ylym-bilim, terbiýe bermekde, olary watansöýüji, ilhalar, watana wepaly ýaşlar edip ýetişdirmekde, hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýaşlar barada alnyp barylýan döwlet syýasatyny wagyz etmekde, düşündirmekde we ýerine ýetirmekde işeňňir zähmet çeken mugallymlara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Sarahs etrap Geňeşiniň we etrabyň beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň adyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Baýramçylyk çäresiniň dowamynda mekdebiň bosagasyndan ilkinji ädimleri bilen gadam basan körpejelere hem hormatly Prezidentimiziň kompýuter sowgatlary gowşuryldy we ilkinji jaň kakyldy.
Baýramçylyk çäresi tamamlanandan soňra okuwçylar ilkinji okuw sapagyna başladylar.
Zübeýda GURTÝAZOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň
Sarahs etrap Geňeşiniň Guramaçylyk
bölüminiň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.