GARAŞSYZLYK – ÜSTÜNLIKLERIMIZIŇ ÖZENI

Ýakynda Türkmengala etrap merkezi kitaphanasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Türkmengala etrap Geňeşiniň hem-de medeniýet bölüminiň we etrabyň beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllary içinde gazanan üstünliklerini ýaşlaryň arasynda giňden wagyz etmek maksady bilen «Garaşsyzlyk – üstünliklerimiziň özeni» atly söhbetdeşlik duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan ýurdumyzyň Garaşsyz döwlet bolmak bilen dost-doganlyk, hoşniýetli parahatçylyk, ynsanperwerlik, birek-birege goldaw bermek ýaly ýörelgeleri halk arasynda giňden wagyz edýän ýurt hökmünde tanalýandygy barada buýsanç bilen bellenildi.

Söhbetdeşlik duşuşygynyň ahyrynda oňa gatnaşanlar ata Watanymyzy ösüşiň we döredijiligiň ýoly bilen ynamly öňe alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna çäksiz alkyş sözlerini beýan etdiler.

Rahym GARLYÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň

Türkmengala etrap Geňeşiniň uly buhgalteri.

Meňzeş habarlar

11 Sentýabr 2025 | 48 okalan

ASUDALYK MEKANY — BAKY BAGTYŇ MUKAMY

09 Sentýabr 2025 | 54 okalan

SPORT ÝARYŞY GEÇIRILDI