ÝAŞA WATAN, ÝAŞA ARKADAGYMYZ, ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZ!

Ýakynda «Mary» myhmanhanasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşiniň guramagynda etrap, şäher Geňeşleriniň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine görülýän taýýarlyk işlerini ýaşlar köpçüligine giňişleýin ýetirmek maksady bilen hem-de «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda 2025-nji ýylyň awgust aýynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň üstünlikli geçirilmegi mynasybetli «Ýaşa Watan, ýaşa Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz!» atly brifing duşuşygy geçirildi.

Duşuşykda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşiniň başlygy Maksat Janmyradow, Mary welaýatynyň Mary etrabynyň 8-nji orta mekdebiniň mugallymy Muhammet Allakulyýew, Mary welaýatynyň Mary şäher kitaphanasynyň kitaphanaçysy, welaýat halk maslahatynyň agzasy Gülbahar Nazarowa, Mary welaýatynyň Mary şäheriniň 8-nji sport mekdebiniň mugallymy, Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi Mähri Agaýewa, Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabynyň 30-njy orta mekdebiniň mugallymy, Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi Göwher Gurbanowa çykyş etdiler. Duşuşygy Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Mary etrap Geňeşiniň başlygy, welaýat halk maslahatynyň agzasy Yklymmyrat Tuwakmyradow alyp bardy.

Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşyp, çykyş edenler ýurdumyzyň ähli ulgamlarda uly ösüşlere eýe bolmagynda, milli kanunçylygymyzy has-da kämilleşdirmekde taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz sagbolsunlaryny aýdyp, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, beýik başlangyçlarynyň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

Maksatmyrat AŞYROW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar

guramasynyň Mary welaýat Geňeşiniň Guramaçylyk

bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

11 Sentýabr 2025 | 48 okalan

ASUDALYK MEKANY — BAKY BAGTYŇ MUKAMY

09 Sentýabr 2025 | 54 okalan

SPORT ÝARYŞY GEÇIRILDI