MILLI MIRASYM – EBEDI MIRASYM

Ýakynda etrabymyzyň 1-nji orta mekdebinde bilim ulgamynda zähmet çekýän göreldeli işgärleriň, şeýle-de ýaşuly nesliň wekilleriniň gatnaşmagynda gadymdan gelýän milli däp-dessurlarymyzy, edim-gylymlarymyzy halka ýaýmak, ösüp gelýän ýaş nesillerimize ýetirmek, ýaşlarda ýüze çykýan ýaramaz endikleriň öňüni almak şeýle-de ruhy, medeni we milli gymmatlyklarymyzy ýaşlaryň arasynda wagyz etmek maksady bilen «Milli mirasym – ebedi mirasym» atly  terbiýeçilik ähmiýetli wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Sarahs etrap Geňeşiniň we etrabyň beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleriniň gatnaşmagynda geçirilen bu duşuşykda çykyş edenleriň türkmen halkynyň milliligi, çaga edebi, maşgala mukaddesligi, ýaşlary ruhy-ahlak, medeni aň-bilim, beden taýdan terbiýelemek, olary maşgala durmuşyna taýýarlamak, ýaş maşgalalaryň arasynda agzybirligi gazanmak hem-de maşgala mukaddesligine bolan söýgi barada beren gürrüňleri täsirli boldy.

Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar türkmen halkynyň milli gymmatlyklaryny aýap saklamakda, dünýä ýaýmakda netijeli işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.

Zübeýda GURTÝAZOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar

guramasynyň Ahal welaýatynyň Sarahs etrap Geňeşiniň

guramaçylyk bölüminiň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

20 Awgust 2025 | 55 okalan

MILLI MIRASYM – EBEDI MIRASYM

18 Awgust 2025 | 60 okalan

ERJELLERI SAÝLAN ÝARYŞ