Türkmenistanyň talyplary Robototehnika we informatika boýunça dünýä olimpiadasynyň çäklerinde geçirilen halkara taslamalar bäsleşiginiň ýeňijileri boldular. Indoneziýa Respublikasynyň Ýaş alymlar assosiasiýasy (IYSA) çäräniň guramaçysy bolup çykyş etdi.
Bäsleşigiň «Kompýuter tehnologiýalary» tapgyrynda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplary B.Toýlyýew, B.Rejepow we Ý.Batyrow hormatly birinji orny eýelediler. Bäsleşigiň çäklerinde türkmen topary «Emeli aňy ulanyp, awtoulaglary kärendä bermek» atly taslama bilen üstünlikli çykyş edip, eminleriň ýokary bahasyny aldy.
Bu bäsleşige gatnaşmagyň mynasyp netijesi türkmen ýaşlarynyň ylym taýdan ösmäge, innowasion tehnologiýalary özleşdirmäge, geljegi uly ugurlarda ylmy barlaglara gatnaşmaga hem-de bu ulgamda öňdebaryjy halkara tejribesini öwrenmäge ymtylýandyklaryny nobatdaky gezek tassyklaýar.
Taslamalaryň halkara bäsleşigi «Daşky gurşawy goramak», «Robototehnika», «Fizika we inženerçilik», «Oýunlar» we «Kompýuter tehnologiýalary» diýen bäş ugurlar boýunça geçirildi. Intellektual gözden geçirilişde dünýäniň 12 ýurdundan dürli ýokary okuw mekdepleriň talyplar toparlarynyň 30-dan gowragy bilimlerini we ukyplaryny görkezdiler.
Gatnaşan ýurtlaryň hatarynda – Türkmenistan, Eýran, Malaýziýa, Tailand, Türkiýe, Meksika, Günorta Koreýa, Amerikanyň Birleşen Ştatlary, Rumyniýa, Bangladeş, Indoneziýa hem-de Wýetnam bar.
Indoneziýada geçirilen Halkara taslamalar bäsleşigi dünýäniň dürli ýurtlarynyň talyplarynyň arasynda dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak, zehinli ýaşlary ösdürmek we goldamak, şeýle hem halkara akademiki hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin netijeli meýdança boldy.
turkmenistan.gov.tm