BILIM – HALKARA GATNAŞYKLARYNY ÖSDÜRMEKDE MÖHÜM GURAL

Ylym-bilim halkara gatnaşyklaryny ösdürmekde esasy orun tutýan ugurlaryň biridir. Geçirilýän halkara bäsleşikler, olimpiadalar halklary ýakynlaşdyrýar, dostlaşdyrýar. Ýurdumyzyň bilim ulgamy dünýäniň bilim giňişligine işjeň goşulýar, ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlaýar, bilim ulgamynyň täze nusgasy kemala gelýär.

Bilşimiz ýaly, Türkmenistan halkara forumlaryň we dürli ugurlar boýunça geçirilýän çäreleriň merkezi hökmünde tanalýar. Munuň özi dünýä alymlary bilen tejribe alyşmaga, ýaşlary giň dünýägaraýyşly, döwrebap bilimlere düşünýän hünärmenler edip ýetişdirmekde aýratyn ähmiýete eýedir.

Soňky ýyllarda ýurdumyz daşary ýurtlaryň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleri, ylmy-barlag merkezleri hem-de halkara bilim guramalary bilen hyzmatdaşlygyny giňeldip, dürli ugurlar boýunça bilelikdäki maksatnamalary durmuşa geçirýär. Şeýle-de, daşary ýurtly mugallymlaryň ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerine çagyrylmagy, ýaşlaryň bolsa daşary ýurtlarda bilim almagy ýaly mümkinçilikler döredilýär.

Ýurdumyzyň bilim edaralarynda birnäçe daşary ýurt dilleriniň, ýagny iňlis, rus, nemes, fransuz, hytaý, türk we beýleki dilleriň öwredilmegi ýaşlara halkara derejesindäki maglumatlara, ylmy neşirlere we okuw mümkinçiliklerine giň ýol açýar. Şeýle dil taýýarlygy halkara hyzmatdaşlygynyň berkidilmeginde möhüm orun eýeleýär.

Türkmenistanyň bilim ulgamynda hyzmatdaşlygy ýurdumyzyň halkara abraýyny ösdürmekde ähmiýetli gural bolup çykyş edýär.

Rahman ERGEŞOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar Guramasynyň Lebap welaýat Geňeşiniň

başlygynyň orunbasary.