Ylym-bilim halkara gatnaşyklaryny ösdürmekde esasy orun tutýan ugurlaryň biridir. Geçirilýän halkara bäsleşikler, olimpiadalar halklary ýakynlaşdyrýar, dostlaşdyrýar. Ýurdumyzyň bilim ulgamy dünýäniň bilim giňişligine işjeň goşulýar, ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlaýar, bilim ulgamynyň täze nusgasy kemala gelýär.
Türkmenistan daşary ýurtlar bilen netijeli hem-de işjeň bilim gatnaşyklaryny ýola goýdy. Türkmen talyplarynyň köpüsi daşary ýurtlarda ýurdumyz üçin zerur hünärler boýunça ýokary bilim alýarlar. Daşary ýurtlarda bilim almak diňe bir hünär öwrenmäge däl-de, eýsem dünýä garaýyşlaryny giňeltmäge, öz-özüni ösdürmäge, medeni gatnaşyklaryny giňeltmäge hem-de ýurdumyzyň abraýyny halkara derejesinde belent derejede wagyz etmäge ýardam edýär.
Bilşimiz ýaly, Türkmenistan halkara forumlaryň we dürli ugurlar boýunça geçirilýän çäreleriň merkezi hökmünde tanalýar. Munuň özi dünýä alymlary bilen tejribe alyşmaga, ýaş hünärmenleri giň dünýägaraýyşly, döwrebap bilimlere düşünýän hünärmenler edip ýetişdirmekde aýratyn ähmiýete eýedir.
Soňky ýyllarda ýurdumyz daşary ýurtlaryň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleri, ylmy-barlag merkezleri hem-de halkara bilim guramalary bilen hyzmatdaşlygyny giňeldip, dürli ugurlar boýunça bilelikdäki maksatnamalary durmuşa geçirýär. Şeýle-de, daşary ýurtly mugallymlaryň ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerine çagyrylmagy, ýaşlaryň bolsa daşary ýurtlarda bilim almagy ýaly mümkinçilikler giňden ulanylýar.
Ýurdumyzyň bilim edaralarynda birnäçe daşary ýurt dilleriniň, ýagny iňlis, rus, nemes, fransuz, hytaý, türk we beýleki dilleriň öwredilmegi ýaşlara halkara derejesindäki maglumatlara, ylmy neşirlere we okuw mümkinçiliklerine giň ýol açýar. Şeýle dil taýýarlygy halkara hyzmatdaşlygynyň berkidilmeginde möhüm orun eýeleýär.
Bilim diplomatiýasy ýurtlaryň arasynda ylym we bilim arkaly özara düşünişmegi, dostlukly we medeni gatnaşyklary ösdürýär. Türkmenistanyň bilim diplomatiýasy hem dünýä ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmekde we ýurdumyzyň halkara abraýyny ösdürmekde ähmiýetli gural bolup çykyş edýär.
Rahman ERGEŞOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar Guramasynyň Lebap welaýat Geňeşiniň
başlygynyň orunbasary.