ZEMINE ÝAŇ SALSYN ÇAGA GÜLKÜSI

Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň «Türkmennebit» döwlet konserniniň şahamçasy tarapyndan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky «Arzuw» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde tomusky dynç alyş möwsüminde dynç alýan çagalaryň oňat dynç almaklaryny, sagdyn durmuş ýörelgesini öňe sürmeklerini, sport bilen meşgullanmaklaryny hem-de medeni köpçülikleýin çärelere işjeň gatnaşmaklaryny gazanmak maksady bilen «Zemine ýaň salsyn çaga gülküsi» atly şygar astynda sportuň dürli görnüşleri boýunça bäsleşik geçirildi.

Geçirilen bäsleşikde çagalar öz ukyp başarnyklaryny görkezdiler. Bu bolsa çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümini ýatdan çykmajak pursatlara besledi. Şowhunly geçen bäsleşikde ýeňiji bolmagy başaran çagalara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň «Türkmennebit» döwlet konserniniň şahamçasy tarapyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Baýramgül ESENOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar

Guramasynyň «Türkmennebit» döwlet konserniniň

Şahamçasynyň Guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

03 Noýabr 2025 | 42 okalan

TÜRKMEN ALABAÝYNYŇ BAÝRAMY BELLENILÝÄR

31 Oktýabr 2025 | 51 okalan

SAGDYNLYK – RUHY BAÝLYK

31 Oktýabr 2025 | 82 okalan

ÇAGA TERBIÝESI – BAGTYÝAR GELJEGIŇ NURY