SPORTUŇ DÜRLI GÖRNÜŞLERI BOÝUNÇA BÄSLEŞIK GEÇIRILDI

Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäher Geňeşiniň guramagynda «Arzuw» çagalar dynç alyş merkezinde dynç alýan Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna bejergi alan çagalaryň hem-de Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Zaid bin Sultan Al Nahaýýan adyndaky Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalaryň tomusky dynç alyş günlerini gyzykly we şadyýan geçirmek maksady bilen çagalaryň arasynda sportuň dürli görnüşleri boýunça bäsleşikler geçirildi.

Bu bäsleşikler sportuň stoluň üstündäki tennis, şaşka, düzzüm, şeýle hem surat çekmek ýaly ugurlardan ybarat boldy. Bäsleşikde dynç alýan çagalar öz aralarynda has-da çekeleşikli bäsleşip öz ukyp başarnyklaryny has-da giňden açyp görkezdiler.

Bäsleşikde tapawutlanan çagalar Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäher Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglandylar.

Maýagül GARAJAÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň

Türkmenbaşy şäher Geňeşiniň sanly

ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

03 Noýabr 2025 | 52 okalan

TÜRKMEN ALABAÝYNYŇ BAÝRAMY BELLENILÝÄR

31 Oktýabr 2025 | 56 okalan

SAGDYNLYK – RUHY BAÝLYK

31 Oktýabr 2025 | 93 okalan

ÇAGA TERBIÝESI – BAGTYÝAR GELJEGIŇ NURY