SPORT — SAGLYK WE ABATLYK

Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasaty netijesinde, bedenterbiýäni, sporty we sagdyn durmuş ýörelgelerini giňden wagyz etmek babatda döwlet derejesinde giň gerimli işler alnyp barylýar. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen ajaýyp sport toplumlary, döwrebap stadionlar, ýöriteleşdirilen sport mekdepleri, sport merkezleri we oýun meýdançalary gurlup, ulanylmaga berilýär. Gözel paýtagtymyz Aşgabatda ýerleşýän, tutuş sebitde binagärlik aýratynlygy bilen tapawutlanýan, deňi-taýy bolmadyk Olimpiýa şäherçesiniň mümkinçilikleri bolsa türkmen türgenlerini täze ýeňişlere ruhlandyrýandygy aýratyn bellärliklidir. Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan döwlet syýasaty netijesinde mermer paýtagtymyz Aşgabat, dünýäde we sebitde ähmiýetli uly sport çäreleriniň geçirilýän merkezine öwrüldi.

“Sport – parahatçylygyň ilçisi” taglymatyny öňe sürüp, parahatçylygy, dostlukly we netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmaga, şol sanda sport ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy berkidip, milli sporty ösdürmäge, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini berk ornaşdyrmak üçin beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutýan tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin.

Merdan ORAZOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar Guramasynyň Aşgabat şäher

Geňeşiniň başlygynyň orunbasary.

Meňzeş habarlar