Şöhratly türkmen topragynda müňýyllyklardan saklanyp galan taryhy ýadygärlikleriň biri hem Sarahs galasydyr. Bu gala diňe bir harby taýdan goranyş maksady bilen gurlan bolman, eýsem, söwda-ykdysady we medeni merkez hökmünde hem taryhy ähmiýete eýedir. Ahal welaýatynyň Sarahs etrabynyň çäginde ýerleşýän bu gadymy gala asyrlaryň dowamynda dürli döwürleriň wakalaryna şaýat bolupdyr.
Sarahs şäheri Merkezi Aziýanyň gadymy medeniýet merkezleriniň biri hökmünde tanalýar. Sarahs galasy baradaky ilkinji maglumatlar orta asyrlara degişlidir. Galanyň gurluşyndaky esasy aýratynlyk — onuň köne çarçuwa görnüşinde gurlanlygydyr. Sarahsyň halkara söwdasynyň aýlawyna goşulmagy onuň ykdysadyýetiniň ýokary göterilmegine amatly täsir edipdir. Şol döwürde Sarahs umumy meýdany 120 gektardan, töwereginden 12 metr ýokaryk galdyrylan, 340×560 metr uzynlykda berkidilen şähristanly gür ilatly uly şähere öwrülýär. Gala ýokary diwarly, burçlarynda diňleri bolan bir gurluş hökmünde döredilipdir. Şeýle görnüşli galalar şol döwürde şäherleri duşmanlardan goramak üçin giňden ulanylypdyr.
Gala türkmen halkynyň taryhy mirasynyň aýrylmaz bir bölegi bolup, häzirki döwürde hem öz gymmatyny saklaýar. Sarahs galasynyň öwrenilmegi, goralmagy we wagyz edilmegi häzirki we geljek nesiller üçin möhüm ähmiýete eýedir.
Gyzlargül ANNAGURDOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň
Sarahs etrap Geňeşiniň Guramaçylyk
bölüminiň müdiri.