Garaşsyzlyk ýyllarynda ata Watanymyz hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýermek bilen, Ýer ýüzünde ählumumy durnukly ösüşi üpjün etmegiň milli nusgasyny döretdi. Şunda parahatçylyk we ynanyşmak adamzat üçin iň zerur düşünjeler bolup, bu ýörelgeler häzirki zaman dünýäsinde hyzmatdaşlygyň we ösüşiň möhüm şertine öwrülýär. Çünki parahatçylyk we abadan durmuş her bir halkyň arzuwydyr.
Garaşsyz ýurdumyzyň saýlap alan Bitaraplyk ýoluna, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňe sürýän halkara başlangyçlaryna sebitiň we dünýäniň ösüş bähbitlerine oňyn täsir edýän çözgüt hökmünde ýokary baha berilýär. Munuň şeýledigine Türkmenistan döwletimiziň dünýä ýüzünde barha artýan abraýy, ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasyny amala aşyrmakda gazanylýan üstünlikler, halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmekde we umumadamzat ösüşlerine dahylly meseleleriň oňyn çözgütlerini tapmakda ýurdumyzyň başlangyçlarynyň dünýä bileleşigi tarapyndan biragyzdan goldanylýandygy hem doly güwä geçýär.
Mälim bolşy ýaly, bitaraplyk syýasatynyň halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekdäki ähmiýeti örän uludyr. Şunda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň başlangyjy bilen «Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilendigini hem bellemek gerek. Paýtagtymyzda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň hereket etmegi, ýurdumyzyň başlangyjy bilen Halkara Bitaraplyk gününiň esaslandyrylmagy, «Türkmenistan — BMG» strategik maslahat beriş geňeşiniň döredilmegi bolsa türkmen Bitaraplygynyň halkara derejede barha dabaralanýandygyny alamatlandyrýar.
Bir hakykata üns bersek, parahatçylyk milli ýörelgelerimiziň içinden eriş-argaç bolup geçýär. «Parahatçylyk» diýen düşünje asudalyk, agzybirlik, özara ynanyşmak, birek-biregi goldamak, hemaýat etmek, hormat goýmak ýaly manylary hem özünde jemleýär. Agzybirligiň bar ýerinde parahat, asuda durmuş höküm sürýär. Şoňa görä-de, häzirki zaman dünýäsinde parahatçylygy, ählumumy howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça tagallalary birleşdirmek möhümdir. Bular barada Gahryman Arkadagymyzyň «Bitarap Türkmenistan», «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy», «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi», «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany», «Abadançylygyň röwşen gadamlary» ýaly kitaplarynda giňişleýin maglumatlar beýan edilýär.
2025-nji ýyl Türkmenistan döwletimiz üçin möhüm taryhy ýyl bolup, şu ýyl ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolmagyna 30 ýyl dolýar. Bu senäniň BMG-niň döredilmeginiň 80 ýyllygy bilen utgaşmagy bolsa Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna taryhy dereje berýär. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň 21-nji martynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde ýurdumyzyň başlangyjy bilen «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamanyň üçünji gezek kabul edilmegi köňüllerimizi buýsanç duýgularyna besledi.
Türkmenistan döwletimiz sebit we ählumumy derejede öňüni alyş diplomatiýasyny durmuşa geçirmegiň esasy guraly hökmünde Bitaraplygyň netijelidigini yzygiderli görkezip gelýär. Türkmenistanyň Bitaraplygynyň we onuň oňyn tejribesiniň Milletler Bileleşigi derejesinde üçünji gezek ykrar edilmegi bolsa Milli Liderimiz tarapyndan öňe sürlen «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly filosofiýanyň, «Ösüş arkaly parahatçylyk» ýörelgesiniň dünýäde giň goldawa eýe bolýandygyna, parahatçylyk söýüjilikli ýörelgeleriň dabaralanýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär. Şu jähetden, Arkadagly Gahryman Serdarymyz: «Garaşsyz Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamalaryna laýyklykda indi üçünji gezek ykrar edilmegi demokratik, hukuk, dünýewi döwletimiziň, dörediji, gurujy we parahatçylyk söýüji halkymyzyň halkara at-abraýyny has belent derejä göterýär» diýip belleýär.
Görnüşi ýaly, ýurdumyz halkara gatnaşyklarda parahatçylygy, medeni dialogy, hoşniýetli goňşuçylygy, birek-birege hormat goýmagy ilerledip, parahatçylyk döredijilikli daşary syýasaty üstünlikli amala aşyrýar. Şunda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalarydyr asylly başlangyçlary gymmatly tejribedir, nusgalyk ýol-ýörelgedir. Goý, Bitaraplygyň türkmen nusgasyny bütin dünýäde giňden dabaralandyrýan Milli Liderimiziň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, alyp barýan beýik işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
Gözel PIRMUHAMMEDOWA,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş
uniwersitetiniň uly mugallymy.