PARAHATÇYLYK — DÜNÝÄNIŇ IŇ GYMMATLY BAÝLYGY

Dünýäde bahasyna ýetip bolmajak gymmatlyk näme? — diýlen sowala dürlüçe jogaplar berilmegi mümkin. Ýöne adamlaryň aglabasynyň berýän jogaby birmeňzeşdir. Ol hem bolsa “parahatçylyk, parahat durmuş” diýen jogapdyr. Parahatçylygyň, parahat durmuşyň höküm sürýän ýurdunda, dünýä inmek, ýaşamak, okamak, zähmet çekmek, şeýle Watana gulluk etmeklik hem her bir adama egsilmez bagt eçilýär.

Bu günki günde, agzybir hem-de zähmetkeş türkmen halkymyz Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde bagtyýar eýýamda, ajaýyp zamananyň hözirini görüp ýaşaýar.

Türkmenistanyň bitarap döwlet hökmünde parahatçylyk söýüjilikli, hoşniýetli gatnaşyklary dünýä ýüzüne wagyz edip gelmekligi hem halkymyzyň köp asyrlyk milli ýörelgeleriniň halkara derejesinde dowam etdirilmegidir. Ençeme asyrlar özbaşdak, berkarar döwletli bolmagy arzuw edip gelen türkmen halkymyz dost-doganlyk ýörelgelerini, goňşy bilen gadyrly gatnaşmaklyk, azaşana dogry ýol görkezmeklik, ejizläne hemaýat etmeklik ýaly ajaýyp ýörelgeleri döredipdirler hem-de şol ýörelgeler ata-babalarymyzdan nesillere geçirilip gelinipdir.

Bütin dünýäde parahatçylygy üpjün etmek boýunça başlangyçlar bilen çykyş edip gelýän, ata Watanymyzy asudalygyň we parahatçylygyň mekanyna öwüren, türkmen ýaşlaryna okamaga, öwrenmäge, hünär almaga giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, beýik başlangyçlarynyň mundan beýläk hem rowana ýollarda rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw edýäris!

Hudaýnazar MEREDOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat

Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar