ŞANLY ÝYLYMYZYŇ ŞÖHRATA BESLENÝÄN SAHYPALARY

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz parahatçylyk dörediji başlangyçlary öňe sürmegi, ynsanperwer syýasaty üstünlikli amala aşyrmagy dowam edýär. Ähli ugurlarda uly ösüşlere eýe bolýan eziz Diýarymyzda durmuşa geçirilýän oňyn özgertmeler bagtyýar halkymyzy nurana geljege alyp barýar. Ýokary depginde gülläp ösýän Türkmenistan döwletimiziň dünýäde abraý-mertebesi barha ýokarlanýar.

Halkara giňişliginde ähli döwletleri, abraýly halkara guramalaryny dialoga çagyrýan, dünýäde we sebitde ýüze çykýan meseleleri gepleşikleri geçirmek arkaly çözmegi ündeýän Türkmenistan döwletimiz dünýäde parahatçylygyň dabaralanmagy, asuda-abadan durmuşyň ýola goýulmagy üçin tagallalaryny gaýgyrmaýar. Türkmenistanyň başlangyjy bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» hem-de «Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy» atly Kararnamalaryň biragyzdan kabul edilmegi Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň dünýä ýurtlarynyň arasynda abraýynyň ulydygynyň, ynsanperwer başlangyçlarynyň, sebitde we dünýä derejesinde, parahatçylygy ýola goýmaga, howpsuzlygy, durnuklylygy berkitmäge gönükdirilen tagallalarynyň giň goldawa eýediginiň aýdyň beýany boldy.

Biz — ýaşlar, «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynyň şöhratly taryhy sahypalarynyň altyn harplar bilen ýazylýan beýik ýeňişli wakalar, üstünlikler bilen dolýandygyna çyn ýürekden buýsanýarys.

Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň dünýä ýüzünde parahatçylygyň ýola goýulmagy, döwletleriň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklarynyň döremegi, berkemegi, halklaryň ýakynlaşmagy ugrunda edýän taýsyz tagallalary, alyp barýan beýik işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

Mämmetoraz ORAZBERDIÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Balkanabat şäher Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň baş hünärmeni.

Meňzeş habarlar

09 Iýul 2025 | 1 okalan

PARAHATÇYLYK:ÝAŞLARYŇ SESI

08 Iýul 2025 | 1 okalan

PARAHATLYK ÝOLLARY